Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MEDENIÝET — DÖW­RÜŇ BELENT DEREJELERI

TÜRKMEN halky öz medeniýeti bilen ir zamandan bäri dünýä siwilizasiýasyna goşant goşan halk hasaplanýar. Taryha ser salsaň, türkmen halkynyň medeniýetinde özboluşly aýratynlygynyň bardygyna Oguz hanyň ýörelgelerinden şu güne çenli aralykda göz ýetirip bolýar. Gadymy «Türkmennamalarda», «Oguznamalarda» kada-kanunlar, ýörelgeler bu günki gün halk döredijiligine öwrülip, atalar sözi, nakyllar we däp-dessurlar görnüşinde halkymyzyň aňynda ýaşaýar.

Ata-babalarymyzdan ýörelge bolup gelýän edep-ekram, däp-dessurlar, milli ýörelgelerden başga-da, dessançylyk we bagşyçylyk sungaty, döredijilik dünýäsi, zergärçilik, atçylyk, halyçylyk sungaty hem türkmeniň medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Şol mynasybetli hem millet hökmünde türkmen medeniýeti öz aýratynlygy bilen hem tapawutlanýar. Bu aýratynlyklar barada gadymyýetde jahankeşdeler belläp geçipdir. Arap taryhçysy: «Türkmenleriň diňe bir däp-dessurlarynda aýratynlyk bolman, bina gurmak, dokmaçylyk, zergärçilik medeniýetinde hem özboluşly aýratynlyk bar» diýip belläp geçipdir. Halkymyzyň milli häsiýetinden gelen bu ýörelgeler häzir hem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Şol mynasybetli türkmen medeniýetiniň gadymylygy, onuň aýratynlyklary barada hormatly Prezidentimiz şeýle beýan edýär: «Keremli topragymyz adamzadyň medeni ösüşiniň sallançagydyr. Türkmen medeniýetiniň emele gelşini, nusgawy gymmatlyga öwrülişini halkyň geçmişinden, milletiň ykbalyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Milli däpleriň we dessurlaryň emele gelmeginde ynsan dünýäsiniň özgermegine hem-de ösmegine düýpli täsirini ýetiren medeni hadysalaryň möhüm ähmiýete eýe bolandygyna taryh şaýatdyr. Men milli medeniýetimiziň mertebesi baradaky pikirlerimi jemläp, şeýle netijä geldim: Medeniýetimiziň taryhy halkymyzyň taryhy ýaly juda gadymydyr, şöhratlydyr, çuňňur mazmunlydyr».

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur mazmunly bu sözlerinden ugur alanymyzda, «Oguznamalarda», «Türkmennamalarda», «Gorkut ata», «Görogly» dessanlaryndaky wakalar, sözleýiş dili, öwüt-ündewler, ýörelgeler, aýdym aýtmak sungaty ýadyňa düşýär. Şonuň bilen bir hatarda türkmen halk ertekilerinde, nakyllarda, hüwdüdir lälelerde hem halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny görüp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýşi ýaly, halkyň gazanan ruhy we maddy gymmatlyklary türkmen medeniýetiniň mazmunyny düzýär. Ýyllaryň we asyrlaryň geçmegi bilen halkyň durmuşynda binýat tutan medeniýet barha kämilleşýär we baýlaşýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle beýan edýär:

«Türkmen halkynyň baý, milli medeniýeti uzak taryhyň synagyndan geçip, sünnälenip, kämil görnüşde şu günki bagtyýar nesillerimize ýetirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerimiziň döredýän milli aýdym-sazlary, kämil çeper eserleri halkymyzy beýik işlerde ruhlandyryp, Türkmenistan döwletimiziň kuwwatynyň barha artmagyna, şan-şöhratynyň barha belende göterilmegine uly itergi berýär. Häzirki bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetiniň we sungatynyň aýratynlyklary, özboluşlylygy, milliligi hemmetaraplaýyn düýpli öwrenilmelidir. Bu ugurda diňe bir ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine däl, eýsem, ulgamyň işini ylmy taýdan öwrenýän hünärmenlerimiziň paýyna hem uly işler düşýär».

Her ýylda dabaralanýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni halkymyzyň milli guwanjyna öwrüldi. Bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän dabaralara, teleradioýaýlymlarda guralýan gepleşiklere redaksiýanyň işgärleri, ýazyjy-şahyrlar işewür gatnaşýarlar. Agzybir işgärlerimiz el-ele berip işläp, her baýramçylygy zähmet sowgatlary bilen garşylap, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize bolan yhlasyny görkezýärler. Halkymyza halal zähmet çekip, hözirini görmäge, parahat durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris.

 

Gülnar ALOWOWA,

Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.