Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Toýlaryň bezegi ― türkmen göreşi

Golaýda Türkmenabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda welaýat Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda türkmen milli göreşi boýunça welaýatyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan gelen pälwanlaryň 69-sy gatnaşdy.

Türkmen milli göreşi toý-baýramlaryň bezegi bolup, ol halkymyzyň milliligini hem alamatlandyrýar.

Sport toplumynda geçirilen bu ýaryşda pälwanlarymyz 10 agram derejesi boýunça baýrakly orunlary eýelemek üçin öz aralarynda tutluşdylar. 48 kilogram agram derejesinde çykyş eden Wepaly Seýidow iň ýaş pälwanlaryň biri bolup, ol öz deňduşlaryndan öňe saýlanmagy başardy we birinji orna mynasyp boldy. Tutluşykda saýatly Azamat Şatlykow hem-de Guwanç Hemraýew degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Şeýle-de Merdan Joraýew (52), Didar Atamuradow (57), Seýit Begmyradow (62), Halnazar Jumaýew (68), Intizar Şöhratow (74), Babajan Joraýew (82), Tagandurdy Ödekow (90), Umyt Akmyradow (100), Erkin Joraýew 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde birinji orny eýelediler. Şu ýaryşyň iň güýçli pälwanyny kesgitlemek üçin agram derejesine seretmezden, geçirilen tutluşyklara (welaýatyň absolýut çempiony diýen ady almak ugrunda) 6 adam gatnaşdy we bu ada Wepa Orazmyradow mynasyp boldy. Türkmenabatly Öwezmyrat Öwezmyradow ikinji, Babajan Joraýew üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda baýrakly orny eýelän pälwanlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat hem-de Türkmenabat şäher komitetleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Gözel Gy­ly­jo­wa,

ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.