Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, türkmen halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda uly işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyzyň kabul eden il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli kararlaryny, Milli maksatnamalaryny, «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmak, türkmen milliliginiň ruhy özenini saglygy goraýyş edaralarynda çuňňur özleşdirmek, sagdyn durmuşy wagyz etmek maksady bilen, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň arasynda dürli wagyz-nesihat işleri geçirilip durýar.

Golaýda Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda, «Sagdyn durmuş — rowaçlygyň gözbaşy» diýen at bilen maslahat geçirildi. Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň 10-njy Saglyk öýüniň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata Saglygy goraýyş müdirliginiň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen Milli maksatnamalar, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak, ýurdumyzda alnyp barylýan işler we täze özgertmeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak barada çykyşlar edildi. Soňra maslahatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Gözel Annanyýazowa çykyş edip, ösüşleriň belentliklerine tarap öňe barýan ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, şeýle-de ýurdumyzyň saglyk ulgamynda alnyp barylýan anyk işler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de milli ýol-ýörelgelerimize esaslanyp, çagalara ýaşlykdan edep-terbiýe bermek, milli mertebäni, zenanlaryň edebini, ahlagyny, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak baradaky çykyşlara giň orun berildi.

Edilen çykyşlarda mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça uzakmöhletleýin amala aşyrylýan maksatnamalar barada giňişleýin gürrüň edildi.

«Sagdyn durmuş — rowaçlygyň gözbaşy» diýen at bilen geçirilen maslahata gatnaşanlar raýatlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Jeren ATAÝEWA,

«Watan».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.