Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GYZYKLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Golaýda Esenguly etrabynyň sport toplumynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda, sport bäsleşigi geçirildi. Woleýbol boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen bäsleşige ýokary synp mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlaryň 8-si gatnaşdy. Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesi boýunça 1-nji orna 4-nji orta mekdebiň woleýbolçylar topary, 2-nji orna 1-nji orta mekdebiň woleýbolçylary, 3-nji orna 6-njy orta mekdebiň woleýbolçylar topary mynasyp boldular.

Ýeňijilere bäsleşigi guran guramalar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň üstünlikli guralmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Ýunus NYÝAZBERDIÝEW,

Esenguly etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.