Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

"ATA BARYNDA, OGUL ÝAŞ, AGA BARYNDA, INI ÝAŞ" AT BILEN MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, «Ata barynda, ogul ýaş, aga barynda, ini ýaş» diýen at bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi edara binasynyň kiçi mejlisler zalynda geçirilen maslahat duşuşygyna ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Jemgyýetçilik guramalary köpräk halkyň arasynda bolup, gadymdan gelýän pähimlerimizi wagyz etmeli» diýen wezipesinden ugur alyp, jemgyýetçilik guramalarynyň durmuşa geçirýän işleri barada çykyşlar edildi. Çykyş edenler ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, saglyklaryny berkitmekde sportuň peýdasynyň uludygy, bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi bilen, sportuň birnäçe ugurlary bilen meşgullanyp, ýaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeginde görelde mekdebi bolýandygy barada uly buýsanç bilen bellediler. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmaga, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine çekmäge uly itergi bolar diýip çykyşlarda nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň sagdyn ösmegi, olaryň ruhubelent, hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmegi we ynsanperwerlik ýörelgeleriň ruhunda terbiýe almagyna berýän ünsi we bu ugurda durmuşa geçirilýän işler barada çykyşlara hem maslahatda giň orun berildi.

Maslahat duşuşygyna gatnaşanlar ýurdumyzyň ýaşlary hakda aladany döwlet derejesinde ähmiýetli wezipe hökmünde yglan eden mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.