Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TOÝ-BAÝRAMY DÜNÝÄ DOLAN

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda, maddy we ruhy mirasymyza söýgi döretmek, şonuň ýaly-da bagtyýar ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, sagdyn kemala gelmegi, ukyp-başarnyklarynyň kämilleşdirilmegi, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. Şu maksat bilen ýakynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda okuw mekdebiniň zenanlar guramasynyň we kärdeşler arkalaşygy guramasynyň guramagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli , mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda, «Toý-baýramy dünýä dolan türkmenim! » atly aýdym-sazly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Goşa baýramçylyk mynasybetli geçirilen bu dabara sungat ussatlary, şeýle hem ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Edilen çykyşlarda, Gahryman Arkadagymyzyň medeniýetimizi ösdürmekde edýän aladalary dogrusynda gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiz: «Eger bakylygyň göwher gaşyny, müňýyllyklara barýan ýoly sorasalar, men onuň medeniýetdigini hiç hili oýlanman aýdardym. Diňe medeniýetiň emri bilen daş düre, ruhy bakylyga öwrülýändir» diýýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň «Ýüpek ýoly» aýdym-saz toparynyň aýdym-sazly çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyz, Watanymyzyň ösüşleri giňden wasp edildi.

Dabara beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimizi we Türkmenistan Diýarymyzy wasp edýän aýdym bilen jemlendi. Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Oguljan AÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy, Zenanlar guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.