2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

“SAGDYNLYK - ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Sagdynlyk - rowaçlygyň gözbaşy” atly maslahat geçirildi.

Maslahaty TKAMM-yň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Pena Aşyrow açyp, onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Demirýolçularyň kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni Şatlyk Goşjanow, Aşgabat şäheriniň 9-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany Aýsoltan Jumaýewa, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başga işlerden boşadylan KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Bilbil Jumaýewa we Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň hünärmeni Babanazar Seýranow çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar edilen gürrüňleri el çarpyşmalar bilen gyzgyn goldadylar we halkymyza eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ýörite habarçymyz.

        

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.