2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ÇAGA — DURMUŞYŇ GÜLI

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar, mynasyp durmuşda ýaşaýşyny üpjün etmäge, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin hemme şertleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu gün eziz Diýarymyzyň iň gözel künjeklerinde hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şeýle-de obalarda, şäherçelerde we şäherlerde gurlan döwrebap orta mekdeplerdir çagalar baglary, sport mekdepleri we meýdançalary Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesle beren ajaýyp peşgeşidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil hakdaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Ata Watanymyzy gurşap alan özgertmelere nazar aýlanyňda, ilkinji nobatda, çagalaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen ajaýyp tagallalara göz ýetirýärsiň. Bu babatdaky tagallalar Ahal welaýatynda amala aşyrylýan işlerde hem has aýdyň ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiziň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanan gününden bäri, welaýatyň çäginde çagalar baglarynyň 59-sy, orta mekdepleriň 42-si, sport mekdepleriniň 17-si gurlup, ýaş nesliň ygtyýaryna berildi. Welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça gözel Gökdere jülgesinde “Bagtyýar nesiller”, Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň hereket etmegi hem ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir. Hazaryň kenarynda— “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Ahal” dynç alyş-sagaldyş merkezinde-de çagalaryň dynç alyp, saglygyny berkitmegi ugrunda ajaýyp şertleriň bardygyny bellemek gerek. Her ýylyň tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde çagalaryň müňlerçesi bu merkezlerde dynç alyp, saglygyny berkitmäge mümkinçilik alýarlar.

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň tomusky möwsüminde welaýatymyzyň mekdep okuwçylary ady agzalan merkezlerde üç tapgyrda dynç alyp, saglygyny berkider. Munuň üçin ähli şertler we mümkinçilikler göz öňüne tutuldy. Galyberse-de, welaýatymyzyň orta mekdeplerinde döredilen sagaldyş meýdançadyr merkezlerde hem çagalaryň uly toparynyň wagtyny şadyýanlykda geçirmegine şertleriň döredilendigi guwandyryjydyr.

Änew şäheriniň görküne görk goşýan “Buýsanç” çagalar medeni-dynç alyş merkezi hem ýaş nesle ajaýyp sowgatdyr. 2015-nji ýylyň ahyrynda açylyp, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen çagalar medeni-dynç alyş merkezi ýaş nesliň iň arzyly ýerine öwrüldi. Ýaş nesle lezzet berýän bu merkezde ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler, aýratyn-da, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýaş nesiller üçin köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri we syýahatlar guralýar.

Ýurdumyzda çagalaryň saglyk we durmuş taýdan goragly bolmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. “Ene mähri” merkezleriniň gurulmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Gökdepe etrabynda hem şeýle merkez hereket edýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde welaýatymyzyň çäginde beýleki maksatly desgalar bilen bir hatarda, bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň döwrebap binalarynyň guruljakdygy milli Liderimiziň ýaş nesil hakda edýän aladasynyň barha rowaçlanýandygynyň buýsançly alamatydyr. Şol döwürde welaýatymyzyň çäginde umumybilim berýän orta mekdepleriň 40-sy, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 42-si gurlar. Şol desgalaryň ençemesi Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan welaýatymyzyň täze, döwrebap dolandyryş merkezine — welaýatymyzyň merkezi şäherine özboluşly görk goşar hem-de ýaş nesle özboluşly sowgat bolar.

Ýurdumyzda “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryşy-hukuk namalaryň kabul edilmegi döwletimizde ýaş nesil barada edilýän aladanyň dabaralanmasydyr. Bu kanunlardyr kadalaşdyryşy-hukuk namalar ýurdumyzda amala aşyrylýan işlerde öz anyk beýanyny tapýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli ata-babalarymyzyň päk duýgulary esasynda kemala gelen gymmatly öwüt-ündewlerine ygrarly, watansöýüjilik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek ählimiziň borjumyzdyr. Ýaş nesliň ähli taraplaýyn söýgi we mähir bilen gurşalyp alynmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

 

Baýramsoltan MYRADOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.