2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

HOŞ HABARYŇ ŞATLYGY

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 29-njy maýynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilendigi bilen baglanyşykly şatlykly habaryň aýdylmagy göwün guşumyzy ganatlandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň şu şatlykly we buýsançly waka mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda hemişelik Bitarap döwletimiz dünýäniň dürli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan şol hyzmatdaşlyk bu gün täze derejelere çykýar. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bolsa netijeli gatnaşyklaryň nusgasyna öwrülýär. Munuň şeýledigini dünýäniň iň abraýly halkara guramasynyň — BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen Karary ýene-de bir gezek ýüze çykardy.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň işlerine işjeň gatnaşýandygyndan we tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň çözülmegine anyk ýardam berýändiginden nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat ýörelgesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa we ykrarnama eýe bolmagy ulus-ilimizi begendirýär. Nobatdaky şatlykly habar biziň — jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ata Watanymyza, döwlet Baştutanymyza bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy. Goý, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de rowaçlyklar ýaran bolsun!

 

Halykberdi ÝUMUDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.