2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

NEPISLIKDE DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN HALY

Halaç çeper halyçylyk kärhanasy.

Halyçylyk sungatynyň taryhy gözbaşyny örän gadymlardan alyp gaýdýar. Heniz tehnikanyň ýok, ähli işleriň el bilen ýerine ýetirilýän döwründe hem goýnuň ýüňüni darap, elde egrip, boýap, haly ýüwürdipdirler. Halynyň hiline gaty uly üns beripdirler. Muzeýlerde saklanýan gadymy halylarymyza syn edip göreniňde, olaryň reňkleri şu wagt dokalan ýaly öwşün atýar. Munuň özi ussat halyçylaryň şol döwürlerde hem reňklere aýratyn üns berendigini aňladýar. Türkmen halylarynyň asyrlar aşyp, biziň şu günlerimize çenli gelip ýetmeginde ussat halyçy ene­mamalarymyzyň yhlasly zähmeti bar. Ýakynda biz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hünärmenleri bilen bilelikde ýurdumyzyň gündogar welaýatyna iş saparyny guramak bilen, Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda bolup, bu ýerde Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyk. Çeper elli halyçylar bizi mähirli garşylap, türkmen halylarynyň taryhy we kärhananyň işleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Ýurdumyzda uludan belleniljek Türkmen halysynyň baýramyna Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary hem uly zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Şanly senelere, toýdur baýramlara eli sowgatly barmak bu ýerde hem ajaýyp däp hökmünde saklanýar. Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilýän bäsle­şige ärsary haly görnüşlerinden «ýaprakly beşir», «çemenli beşir» we iki ýüzli haly nusgalary kesilip taýýarlanylypdyr. Biz bu ýere gelenimizde, «kejebe göl» halysynyň kesilip durlan pursadyna şaýat bolduk. Bu haly gadymy gölleriň täzeçe öwüşgine girizilen nusgalarynyň biri eken. Halaç çeper haly kärhanasynda 2 müň 284­-den gowrak adam zähmet çekýär. Häzirki güne çenli onda 8 sany önümhana halkymyza hyzmat edip gelýär. 1-­nji, 2­-nji we 3-­nji önümhanalarda çeper elli gelin­gyzlarymyz uly halylary dokaýarlar. Olarda dokalýan halylaryň ululygy 8, 12, 45, 60 metrlere barabardyr. 4-­nji önümhanada sowgatlyk halylar dokalýar. Mundan daşgary halylar buýurma esasynda hem dokalyp, halkymyza hödürlenýär. Birleşigiň 5­-nji, 6­-njy we 7-­nji önümhanalary Kerkiçi, Ajy, Güneşlik obalarynda ýerleşýär. Munuň özi etrabyň gelin­gyzlarynyň öz ýaşaýan ýerlerine ýakyn ýere işe gatnamaklary üçin amatly şertleri üpjün edýär. — Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda 2015 — 2017-­nji ýyllarda Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň durkuny täzelemek işleri geçirildi. Ony «Altyn gum» hususy kärhanasy amala aşyrdy. 2018-­nji ýylda hem Güýçbirleşik we Ajy önümhana binasynyň düýbi tutuldy. Güýçbirleşik önümhana binasynyň tutýan meýdany 2 müň 800 inedördül metre barardyr. Ajy önümhana binalarynyň tutýan meýdany 1 müň 700 inedördül metre barabar bolup, häzirki wagtda gurluşyk işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar — diýip, Halaç çeper haly kärhanasynyň gurluşyk işleri boýunça baş hünärmeni Begenç Datow gürrüň berdi. Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Zylyha Gurbanowa: — Halaç çeper haly kärhanasynyň 8-nji önümhanasy ýörite öýde dokaýan halyçy gelin­gyzlary özünde jemleýär. Häzirki wagtda birleşigiň her bir önümhanasynda 200­-den — 300-e çenli gelin-gyzlar zähmet çekýär. «Gülligöl», «oňurgagöl» diýen atlar bilen meşhur sekiz burçly göller ärsary halyçylygynyň özboluşly aýratynlygy hasaplanýar. Bu göller beýleki türkmen haly görnüşlerinde örän seýrek duş gelýän göldür. Biziň ezber elli halyçylarymyz ene­-mamalarymyzdan miras bolup gelýän gadymy halylarymyzyň täzeçe öwüşginler bilen üstüni ýetirip, ösüp gelýän ýaşlarymyza öwretmek babatda hem uly işleri alyp barýarlar — diýip, gürrüňiniň üstüni ýetirdi.

 

Jeren ATAÝEWA,

«Watan».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.