2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

“AK ŞÄHERIMIZ AŞGABAT – ARKADAGLY WATANYMYZYŇ ÝÜREGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherimiz Aşgabat – Arkadagly Watanymyzyň ýüregi” atly maslahat geçirildi.

Onda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň başlygy Ata Serdarow,  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbangül Ataýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Bäşim Annagurbanow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Saparmyrat Owganow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Soltangeldi Babaýew we “Aşgabat” gazetiniň baş redaktory Annamyrat Mämmedow çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar edilen gürrüňleri el çarpyşmalar bilen gyzgyn goldadylar, Aşgabat şäherimiziň gözelligini wasp etdiler we halkymyza eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ýörite habarçymyz.

        

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.