Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝAR BALALARYŇ BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Welaýatymyzdaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat baş bilim müdirligi, medeniýet müdirligi tarapyndan guralan bäsleşige welaýatymyzyň orta mekdeplerinden 6-14 ýaşly okuwçylar gatnaşdylar. Olar Watan, Arkadag, dost-doganlyk, bagtyýar çagalyk hakyndaky estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirmekde, milli we nusgawy saz gurallarynda şirin mukamlary çalmakda, folklor çykyşlaryny görkezmekde bäsleşdiler.

Bäsdeşleriň arasynda welaýatymyzyň çägindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň, çagalar sungat mekdepleriniň ýaş aýdymçylarynyň bolmagy çäräni has-da şowhunlandyrdy. Mary şäherinden «Joşgun», «Altyn nesil», Türkmengala etrabynyň «Ruhubelent», Mary etrabynyň «Ylham», «Lälezar», Oguzhan etrabynyň «Älemgoşar» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň aýdymçylarynyň aýdan aýdymlary, folklor çykyşlary, «Şirin owazlar», «Güldesse», «Joşgun» we «Çeşme», «Bahar gülleri», «Ýyldyrym» tans toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly tanslary rowaçlygyň Watany bolan ýurdumyzda ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, zehinli ýaşlara giň ýol açylýandygyny äşgär etdi.

Watanymyzyň bagtyýar balalarynyň — zehinli çagalaryň arasynda tapawutly çykyş edenler bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

Ogulşeker GELDIÝEWA,

Mary welaýat baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.