Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BAKYLYGA ÖWRÜLEN MERTLER TÜRKMEN ÝAŞLARY ÜÇIN GÖRELDE MEKDEBIDIR” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli “Bakylyga öwrülen mertler türkmen ýaşlary üçin görelde mekdebidir” atly maslahat geçirildi.

Ýeňiş hak iş üçin başyny gurban eden ogullaryň, mert gerçekleriň şu günki, geljekki nesillere goýup giden azatlyk, erkinlik, baky bagtyýarlyk atly ebedi peşgeşidir. Beýik Watançylyk urşunyň aldym-berdimli söweşlerine gatnaşan, şirin janyny gaýgyrman söweşen köpmilletli esgerleriň arasynda türkmeniň gerçek ogullary hem bu Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşdular.

Maslahaty TKAMM-yň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Begenç Baýramow açyp, onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Gurbanjemal Ylýasowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we etnologiýa institutynyň ylmy işgäri Mäti Annanurow, Türkmenistanyň Zähmeti we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň doktory Maýa Babaýewa, “Esger” gazetiň uly habarçysy Gülşirin Hanowa, “Medeniýet” žurnalynyň redaktory Miwe Bekmyradowa we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy barlag institutynyň baş ylmy işgäri Agajuma Zakirow çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar edilen gürrüňleri el çarpyşmalar bilen gyzgyn goldadylar, uruşda wepat bolan gahryman gerçeklerimizi ýatladylar we halkymyza eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mekan BABAÝEW,

TKAMM-yň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri

        

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.