2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyma

Eziz watandaşlar! 
Hormatly atşynaslar!

Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden we uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde we kämilleşdirmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik işleriňizde bitirýän hyzmatlaryňyz üçin, çäksiz minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly atşynaslar!

Biziň halkymyzyň durmuşynyň ähli döwürlerinde gamyşgulak bedewlerimiz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri milletimiziň genji-hazynasyna, köňül buýsanjyna we milli mirasyna öwrülipdir. Behişdi bedewlerimiz merdana türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde ýürekdeş syrdaşy bolupdyr. Ahalteke bedewleri özüniň owadanlygy, gylyk-häsiýeti we düşbüligi bilen dünýäde giňden tanalypdyr.

Halkymyz mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini ajaýyp şaý-sepler, altyn-kümüş esbaplary bilen bezäpdir. Ata-babalarymyzyň şeýle ajaýyp ýörelgeleri häzirki döwrüň zergärçilik sungatynda hem giňden dowam etdirilýär.

Şeýle hem eziz Diýarymyzda giňden tutulýan toý-baýramlarda türkmen ýigitleriniň ýerine ýetirýän at üstündäki oýunlary toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup, ildeşlerimizde we daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Hormatly atşynaslar!

Garaşsyz ýurdumyzda atçylyk sungatyny we sportuny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, bu pudagy ösdürmek boýunça dünýäniň dürli döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ähli welaýatlarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy we olaryň döwrebaplaşdyrylmagy, atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atçylyk sungatynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Biz atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berýäris. Ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezlerini döredýäris. Aşgabat atçylyk sport toplumynda gurlan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini guramak üçin açyk manežiň ýurdumyzda atly sporty ösdürmäge uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn.

Türkmen atşynaslary tarapyndan gamyşgulak bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny artdyrmak boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Döwletimiz geljekde hem ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli tejribeleri alyşmaga, netijeli hyzmatdaşlyk etmäge hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly goldaw berer.

Hormatly atşynaslar!

Türkmen topragynda gadymy döwürlerden bäri ösdürilip kemala getirilen we umumadamzat gymmatlygyna öwrülen nurana bedewlerimiz dünýäniň arassa ganly, tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, ýyndamlygy bilen halkymyzyň buýsanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň köňül zynaty, uçar ganaty hasaplanýar.

Ynsan bilen bedew atyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary ajaýyp nusgawy eserlerimizde hem giňden şöhlelendirilýär. Muňa türkmen halk döredijiliginde çuň many-mazmunly, ynsanyň dünýägaraýşyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolan nakyllardyr atalar sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. «At agynan ýerde toý bolar», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Aty baryň ganaty bar», «Ýüwrük ata baha bolmaz» ýaly ençeme nakyllary döreden merdana halkymyz özüniň ýaşaýyş-durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirip bilmändir. Sebäbi, ahalteke bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmeniň ganaty we buýsanjydyr!

Eziz watandaşlar! 
Hormatly atşynaslar!

Sizi bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzda şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabaralara beslenip bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 

TDH

http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article17771&cat19

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.