2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ILKINJI ÇILIK ÝARYŞY GEÇIRILDI

Düýn Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty, Bilim ministrlikleriniň, Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň guramagynda çilik ýaryşy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň çilik oýny barada ylmy taýdan esaslandyrylan sargytlaryndan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň arasynda geçirilen ýaryş aýlawlaýyn tertipde dowam etdi.

Paýtagtymyzdaky 7 sany orta mekdepden düzülen toparlar özara jemi 30-a golaý duşuşyk geçirdiler. Aşgabat şäherinde ýerleşýän 131-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda milli çilik oýnumyzyň ilkinji gezek sport ýaryşy hökmünde geçirilendigine garamazdan, çärä ýiti bäsdeşlik mahsus boldy. Duşuşyklaryň hersi 5 minutlyk 2 döwden ybarat boldy. Hersi 5 oýunçydan ybarat toparlar meýdany 50 santimetr bolan, gudugyň ornuny tutýan tegelek çyzygyň içine topy köp atmakda ýaryşdylar. Oýnuň ahyrynda utan tarapa 2, deň oýnan her topara bolsa 1 utuk berildi. Her duşuşyga 2 emin gözegçilik etdi.

Bäsleşigiň jemi boýunça ähli duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamlan paýtagtymyzdaky 72-nji orta mekdebiň okuwçylary ýeňiji boldy. 2-nji we 3-nji orunlary degişlilikde 13-nji we 33-nji orta mekdepleriň toparlary eýeledi. Saýlanan toparlar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary hem-de Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

 

Gurban BABAGULYÝEW.

«Türkmenistan».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.