Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGLAR — GÖZELLIK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde guwandyryjy işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde her ýylyň dowamynda dürli görnüşli bag nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar. “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň bag nahallaryny oturtmagyň ýazky möwsümine ildeşlerimiz tutanýerlilik görkezýärler.

Bag — gözellik. Ol töwerege gözellik goşmak bilen, howanyň tämizligine oňaýly täsirini ýetirýär. Bag ekilen ýaşyl zolaklar arassa, tämiz howa gurşawuny emele getirýär. Muňa oňat düşünýän etrabymyzyň zähmetkeşleri bagy-bossanlygy döretmek ýaly asylly işe işeňňir gatnaşyp gelýärler. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri şu şanly ýylyň ýazky bag ekmek möwsümine höwesli goşulýarlar.

Etrabymyzyň zähmetkeşleri her hepdäniň şenbe güni ýaýbaňlandyrylýan ýowarlara köpçülikleýin çykýarlar. Şol asylly çäräniň dowamynda pürli, saýaly bag nahallaryny oturdýarlar, ozaldan ösüp oturan baglara ideg edýärler. Üstümizdäki ýylda etrabymyzyň çäginde tut nahallarynyň ekilmegine aýratyn ähmiýetiň berilmegi has-da guwandyrýar. Ata Watanymyzda ýüpekçiligi ösdürmekde tut baglarynyň ýetişdirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Şoňa görä-de, etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri beýleki baglar bilen bir hatarda, tut nahallarynyň ekilmegi we ösdürilmegi ugrundaky tagallalara mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň tagallasy bilen ýaş baglardan emele getirilýän täze ýaşyl zolaklar bu gün göreniň kalbyny heýjana getirýär.

 

Allaberdi ATAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.