2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

HOWPSUZ IŞ ŞERTLERI

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň Galla kabul ediş kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda kärhananyň işgärleriniň arasynda «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» ady bilen maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy O.Baýramow, etrap Galla kabul ediş kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy A.Berdinyýazow hem-de kärhananyň tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça hünärmeni M.Ataýew dagy çykyş edip, olar zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişi, her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi hem-de önümçilikdäki hadysalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahatda çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözleri aýtdylar.

 

Aýgözel SÄHEDOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.