2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ÖZGERIŞLER GÖWÜNLERIŇ GÖRKI

Ajaýyp zamanamyz taryhy wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Her säher, her gün, pursatlar şatlyga beslenýär. Asmana sary ganat ýaýýan göwnüňi az salymlyk öz ugruna goýberseň, döwrüň bagtyýarlygyny, iliň göwün guşuny, mähriban Watanymyzyň gözelliklerini belentden synlamaga pursat açylýar. Beýle pursatlar ynsana ganat bagladyp, onuň köňül kelamyny ruhubelentlige atarýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda, Lebap welaýatynyň zähmetkeşleriniň, ýaşlaryň arasynda «Rowaçly ösüşlerden ruhlanýan zenanlar» diýen at bilen wagyz­nesihat çäreleri geçirildi.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäher Medeniýet öýünde geçirilen wagyz­nesihat çäresi mährem eneleriň, zähmetde tapawutlanýan gyz­gelinleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň başyny jemledi. Wagyz­nesihat duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler, rowaç günlerimiziň ösüşleri, halkymyzyň eşretli durmuşy, gelin­gyzlaryň jemgyýetde eýeleýän ormy barada giňişleýin pikir alşyldy. Duşuşykda çykyş edenler nesilleriň ylymly­bilimli, giň gözýetimli bolmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän bilim özgertmelerine zenanlaryň goşýan goşandy barada buýsançly gürrüň etdiler. Wagyz­nesihat çäresine gatnaşanlar mähriban Watanymyzyň şan­şöhratyny belende galdyrýan, baý medeniýetimizi, milli däp­dessurlarymyzy dünýä açýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Saýat etrabyndaky 30­njy orta mekdebiň mugallymy Maral Hemraýewa:

—Mähriban Watanymyzyň şan­şöhratynyň gün-günden belende galýandygyna buýsanyp zähmet çekmek neneňsi ýakymly. Nesillere bilim bermek, olaryň edep­terbiýeli bolmagyny gazanmak biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Bu işde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary mugallymlar üçin ýakyn gollanmadyr. Gymmatly eserlerde durmuşda ornuňy tapmagyň ýollary salgy berilýär—diýip, biz bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Hawa, ajaýyp zamanamyzda Lebap welaýatynda hem ýaşlara döwrebap bilim bermek işleri ösüşli menzillerde. Welaýatyň mekdep okuwçylaryny «Altyn asyryň altyn zehinleri» diýen at bilen geçirilýän ders bäsleşiklerine yzygider gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň açýan mümkinçilikleri esasynda türkmen ýaşlary halkara bilim bäsleşiklerine, halkara internet olimpiadalaryna gatnaşyp, netijeli orunlara mynasyp bolýarlar. Mekdep okuwçylarynyň halkara bilim bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy milli bilimiň ümzüginiň gün­günden ilerleýändiginiň güwäsidir.

—Okuwçylarymyz jemgyýetçilik çärelerine hem işjeň gatnaşýarlar. Bu olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine oňyn täsir edýär, milli mirasymyz bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik berýär.

Ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk bilimli bolmagyna, milli ruhda terbiýelenmegine ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il­ýurt ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!—diýip, Maral mugallym aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyz bilen deň derejede özgerýän welaýatlara ýaraşyk berýän kitaphanalar ähli adamlaryň iň gelim­gidimli ýeri hasaplanýar. Lebap welaýat kitaphanasynyň gapysyndan gireniňde bu ýerdäki okyjylaryň köplügi ünsüňi çekýär. Şonda badabat akyldarlaryň galdyran ýazgylaryndaky: «Kitap iň gowy söhbetdeşdir, seni tukatlandyrmaýan ýoldaşdyr» diýen parasatly jümleler hakydaňa gelýär. Kitaba we çeper söze hormaty beýik pederlerimiziň nesillere miras goýan: «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dil bilen dana..» diýen dürdäne setirleri ýadyňa düşýär. Bular ata­babalarymyzyň kitaby içi maglumatlardan doly bilim sandygy, akyl gämisi hasaplandygyny görkezýär.

Wagyz­nesihat çäreleriniň dowamynda welaýat kitaphanasynda «Maşgala agzybirligi, jebisligi we berkligi» diýen at bilen wagyz­nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşan gelin­gyzlar bagtyýar zamanamyzy, il agzybirligini, ýaşlaryň bagtyýarlygyny wasp etdiler. Duşuşykda okalan şygyrlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň özgermegi, maşgala binýadynyň berkligi babatda amala aşyrýan işlerine ýürek buýsançlarynyň beýany boldy.

Türkmenabat şäherindäki 22­nji «Nesil» çagalar bagynyň usulçy­terbiýeçisi Ogulboldy Çopanowa:

—Hormatly Prezidentimiz 14­nji fewralda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda jemgyýetçilik­syýasy guramalaryň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda: «Halk hem­de Watan» diýen mukaddes sözler özboluşly sena ýaly utgaşykly gelip, ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň durmuş şygaryna öwrülmelidir» diýip aýratyn belledi. Muny biz ýaşlaryň aňynda terbiýelemelidiris. Bu mukaddes sözler nesilleriň kalbyndaky watansöýüjilik duýgularyny kämilleşdirer. Şonda ertirki güne ynamly ýaşlar kemala geler. Bu işde biz yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys—diýip nygtady.

Şeýle duşuşyklar welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýazyjy­şahyrlaryň we Türkmenabat şäherindäki 39­njy orta mekdepde mugallymlaryň we ýokary synpda okaýan gyzlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşyklarda çykyş edenler mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzyň ösüşleriniň gündelik durmuşymyzy rowaçlyklara besleýändigini bellediler.

 

* * *

 

Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda «Bagt köşgi» toý­dabaralary merkeziniň gurlup ulanylmaga berilmegi pederlerimiziň asylly ýörelgelerinden gözbaş alýar. Maşgala binýadynyň berkden tutulmagyna aýratyn jogapkärli çemeleşen ata­babalarymyz öz nesliniň bagtly, agzybir ýaşamagy babatda aýratyn aladalanypdyrlar. Hormatly Prezidentimiz bagtyň gözbaşynyň agzybir maşgala ojagyndan başlanýandygyny häli­şindi nygtaýar. Ýurdumyzda maşgala barýan päkize ýoluň hemişe nurly hem mähirli bolmagy babatda tutumly işler rowaçlanýar. Binagärligiň milli hem döwrebap gurluşyny özünde jemlän «Bagt köşgi» toý­dabaralary merkeziniň täsin binasyny synlaýarkaň, şeýle ýakymly pikirler kalbyňy eýeleýär.

Bu ýerde guralan duşuşykda­da eneler maşgala mukaddeslikleri, gyz edebi, gelin­gaýyn gatnaşyklary, täze maşgalanyň jogapkärçilikleri dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Gyz edebiniň il edebi bolup ýüze çykýandygy üçin, gyzlaryň edep­terbiýeli bolmagyna jogapkärçilikli çemeleşilýändigi esasy üns merkezinde boldy. Perzent terbiýesinde mylaýym ene hüwdüsiniň eýeleýän orny barada pikir alyşdylar.

Ýaş çatynjalaryň maşgala mukaddesligi barada pikirlerine giň orun berildi. Ýaşlar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen «Bagt köşgi» toý­dabaralar merkeziniň ýaşlar babatda edilýän üns­aladanyň nyşanydygyny buýsançly sözler bilen beýan etdiler.

 Duşuşykda Lebap welaýatyndaky ýöriteleşdirilen 1­nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Gülaýym Gurdowa maşgala gymmatlygy barada giňişleýin söhbet etdi. Gülaýym mugallym üstümizdäki ýylda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp boldy.

—Bäş gyzy, üç ogly terbiýeläp ýetişdirdim. Ogul-gyz terbiýelemek her bir ene üçin uly jogapkärçilikdir. Gyzlaryň eliniň hünärli bolmagy, olaryň edep­terbiýeli, asylly, sypaýy bolmagy zerur. El hünäri çagalaryň mekdepde gowy okamagyna­da täsirini ýetirýär. Çünki el işine höwesi bolan okuwçylaryň bilim almaga bolan islegi hem güýçli bolýar. Olar köp bilmegi, gözýetimlerini giňeltmegi arzuw edýärler. Munuň üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar—diýip, mugallym zenan ýürek buýsanjyny paýlaşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň döwrebap bilimli, giň gözýetimli bolmagy babatda ähli mümkinçilikler açylýar. Ak mermere beslenýän çagalar baglarydyr mekdepler türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy babatda arzuwlarynyň wysaly bolup nur saçýar.

Ýaşlara edep­terbiýe bermekde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitaby, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany, «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby mugallymlaryň ýakyn gollanmasy. Bu eserlerde durmuş wakalarynyň üsti bilen nesil terbiýesi beýan edilýär.

—Eneleriň, gelin­gyzlaryň sylag­sarpasyny juda belentde tutýan mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, il­ýurt bähbitli ähli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!—diýip, Gülaýym mugallym begenjini beýan etdi.

 

* * *

 

Paýtagtymyz bilen deň derejede özgerýän Lebap welaýatynyň keşbinde­de rowaç günleriň ajaýyplygy şugla saçýardy. Bu bagtyýarlygy jana melhem ýaz howasynyň hem jahana buşlasy gelýäne meňzeýär. Mylaýym şemal baglaryň, gülleriň başyny sypap, bizi paýtagta sary ak pata bilen ýola salýana çalymdaşdy.

 

Amangül NURMYRADOWA,

ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.