2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesinden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, zähmetkeşlere howpsuz we oňaýly iş şertlerini döretmek maksady bilen, şu günler «Zähmeti goramak—sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäreler edara­kärhanalarda giň gerim bilen geçirilýär.

Bu çäreleriň esasy maksady işgärlere sagdyn we zähmete howply bolmadyk şertleriň döredilişi, tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň doly derejede berjaý edilişi, zähmet we zähmeti goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişi barada döwlet we ýerli öz­özüni dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleriniň ünsüni bu meselelere çekmekden, ynsanperwerligiň we jebisligiň ýokary derejesini görkezmekden ybaratdyr.

Ýakynda Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde guramagynda «Zähmeti goramak—sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Türkmenpoçta» aragatnaşyk kompaniýasynyň we beýleki edara­kärhanalaryň zähmeti goramak boýunça hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatda hormatly Prezidentimiz tarapyndan zähmetkeşleriň işlemegi, olaryň ählitaraplaýyn iş şertleri bilen üpjün edilmegi, iş wagtlaryndan daşary medeniýetli dynç almagy üçin döredilýän mümkinçilikler barada aýdyldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň asudalygy, halkymyzyň abadançylygy we onuň bagtyýar geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il­ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Boljan KADYROWA,

Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.