Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ROWAÇLYK ÝOLUNDAKY GÜLLÄP ÖSÜŞ

Türkmenistanyň hemde Koreýa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara hem­de sebitara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny we tekliplerini goldamak arkaly, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nygtamak gerek.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-koreý gatnaşyklarynyň möhüm böleginiň biri bolup durýar. Onuň üstünlikli ösdürilmegine ikitaraplaýyn ähmiýet berilýär. Bilim, ylym hem­de medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamyndaky gatnaşyklaryň ýyl­ýyldan ösmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary häzirki döwürde döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny syýasy, söwda­ykdysady we medeni­ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk­de ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Mälim bolşy ýaly, Koreýa Respublikasy ykdysady ösüşiň depgini boýunça dünýäde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ýurduň okgunly ykdysady ösüşi 1950­nji ýyllardan başlandy, şoňa çenli bolsa Koreýa agrar ýurt hasaplanýardy. Häzirki wagtda Koreýa Respublikasy Aziýa yklymynyň kuwwatly ykdysady we senagat merkezleriniň birine öwrüldi.

 Ýurduň ykdysadyýetiniň ýokary depginleri köp babatda iri kompaniýalarynyň ýokary hilli we dünýä belli önümleriniň eksporty arkaly üpjün edilýär. Şunda bu ýurduň diňe bir tutuş dünýäde meşhur bolan elektronika önümleri, awtoulaglar ýa­da durmuş tehnikasy däl, eýsem, kuwwatly gämiler, dokma we nebithimiýa önümleri hem möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992­nji ýylyň 7­nji fewralynda ýola goýuldy we geçen döwrüň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanyldy. 2007­nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň Ilçihanasynyň açylmagy iki halkyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ýolunda möhüm ädim boldy. Häzirki wagtda diplomatik gatnaşyklar möhüm meseleleriň ençemesi boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

2008­nji ýylyň maý aýynda Koreýa Respublikasynyň Premýer­ministriniň ýurdumyza resmi sapary boldy. Saparyň jemleri boýunça resminamalaryň dokuzsyna gol çekildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008­nji ýylyň 8­nji awgustynda Pekinde XXIX tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşmagynyň çäklerinde iki ýurduň baştutanlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. 2008­nji ýylyň 5—7­nji noýabrynda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna ilkinji döwlet sapary boldy. 2014­nji ýylyň iýun aýynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza döwlet sapary boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň 2015­nji ýylyň aprel aýynda Koreýa Respublikasyna bolan sapary türkmen-koreý gatnaşyklaryny täze derejä çykardy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerine, hususanda, Aziýada ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak, ykrar edilen halkara­hukuk kadalarynyň esasynda we BMG­niň Tertipnamasyna laýyklykda döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly syýasy şertleri döretmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy dünýä syýasatynyň we ykdysadyýetiniň dürli ugurlary boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa­da laýyk gelýändigini tassyklady. Şunuň netijesinde biziň ýurtlarymyz halkara durmuşynyň ileri tutulýan meselelerini çözmekde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hereket edýärler. Koreýa Respublikasynyň hormatly Prezidentimiziň köp meseleler boýunça BMG­niň Baş Assambleýasynda beýan eden başlangyçlaryny goldaýandygy bellärliklidir.

Koreýa Respublikasynyň esasy kompaniýalarynyň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, agentlikleri we konsernleri bilen gatnaşyklary has­da işjeňleşdi. Birnäçe ýylyň dowamynda «LG», «Hyundai», «Samsung», «Daewoo», «Kia Motors» ýaly iri koreý korporasiýalary we beýlekiler Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda üstünlikli işleýärler.

Olaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri taslamalarynyň hatarynda «Galkynyş» gaz käninde zawodlar toplumynyň gurulmagyny, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny görkezmek bolar.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen­koreý toparynyň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işler hem oňyn netijesini berýär. Golaýda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, bu toparyň täze düzümi tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň golaýda wideoaragatnaşyk arkaly geçiren maslahatynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana şu döwlet saparyna taýýarlyk görmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda Koreýa Respublikasynyň türkmen diplomatiýasynyň esasy üç ugry—suw, ulag we energetika diplomatiýasy boýunça işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygy bellenildi. Ulag­logistika, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Maslahatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady we senagat ulgamlarynda türkmen­koreý hyzmatdaşlygynyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň, işewür gatnaşyklary hem­de maýa goýum işjeňligini ösdürmegiň, täze geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagyna ünsi çekip, täze ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň, öňdebaryjy işläp taýýarlamagyň esasynda işleýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda koreýaly hyzmatdaşlaryň tejribesini özleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan Koreýanyň Eksport­import banky (KEXIM) we Koreýanyň söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasy (KSURE) bilen koreý kompaniýalary tarapyndan ýurdumyzda durmuşa geçiriljek taslamalary maliýeleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Ynsanperwerlik ulgamy, hususan­da, ylym­bilim ulgamy türkmen­koreý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň barşynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary türkmen­koreý gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda täze sahypany açdy.

 

Jumanazar GARAJAÝEW,

«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.