2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

MILLI SPORT OÝUNLARYNYŇ USSATLARY

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen Milli sport oýunlarynyň spartakiadasy zähmetkeşleriň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýylyň-ýylyna geçirilýän milli sport oýunlary boýunça ýaryşlara gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sanynyň artmagy bolsa munuň subutnamasydyr.

Öňňin Änew şäherindäki sport mekdebinde Milli sport oýunlarynyň XX spartakiadasy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi tarapyndan guralan bu ýaryşa spartakiadanyň etrapdyr şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zähmetkeşler gatnaşdy.

Spartakiadanyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy Meretmuhammet Rejebow çykyş edip, ýurdumyzda sport-sagaldyş hereketlerini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek we olary jemgyýetimize doly ornaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada gürrüň etdi. Ol milli sport oýunlary boýunça geçirilmegi däbe öwrülen spartakiadanyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekip, ýaryşa gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi.

Soňra sport mekdebiň degişli zallarynda ýaryşlar badalga aldy. Spartakiadanyň şertine görä, zähmetkeşleriň arasyndan sportuň milli göreş, düzzüm, küşt we ýaglyga towusmak ýaly milli görnüşleri boýunça iň güýçlüleri ýüze çykarmak esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Döwrebap derejede enjamlaşdyrylan mekdepde döredilen giň mümkinçilikler we şertler ýaryşyň guramaçylykly geçmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Milli sport oýunlarynyň spartakiadasynda milli göreş boýunça tutluşyklara gyzyklanma has uly  boldy. Pälwanlar agram derejeleriň onusy boýunça özara güýç synanyşdylar. Şonuň netijesinde 48 kilogram agram derejesinde Gökdepe etrabyndan Muhammet Mawyjaýew, 52 kilogram agramda Sarahs etrabyndan Ýusup Jumadurdyýew, 57 kilogram agramda Babadaýhan etrabyndan Ýakup Babaýew, 62 kilogram agramda Ak bugdaý etrabyndan Toýnepes Hojanepesow, 68 kilogram agramda Gökdepe etrabyndan Kerwen Hallanow, 74 kilogram agramda Sarahs etrabyndan Döwran Jumadurdyýew, 82 kilogram agramda Ak bugdaý etrabyndan Şadurdy Myradow, 90 kilogram agramda şol etrapdan Ýazmämmet Ataýew, 100 kilogram agramda hem şol etrapdan Baýramdurdy Seýitliyew, 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Gökdepe etrabyndan Daňgeldi Paşşyýew üstün çykdy. Pälwanlaryň pälwany diýen ada bolsa, gökdepeli pälwan Eýeberdi Atdaýew mynasyp boldy.

Düzzüm, küşt we ýaglyga towusmak ýaly görnüşlerde hem güýçlüler öňe saýlandy. Akyl-paýhas oýny bolan küştde erkekleriň arasynda Gökdepe etrabyndan Ýusup Baýramgeldiýew, Tagandurdy Rejebow, zenanlaryň arasynda Hurma Weliyewa, düzzümde erkekleriň arasynda Babadaýhan etrabyndan Aýnazar Hudaýnazarow, Hydyr Hommyýew, zenanlaryň arasynda Gökdepe etrabyndan Akjemal Çarymowa, ýaglyga towusmakda bolsa, Gökdepe etrabyndan Tirkeşgeldi Kertikow üstün çykdy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy hem-de olara döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk berildi.

 

Döwгаngeldi HOJAMGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri.

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.