2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

GUWANDYRYJY NETIJELERI GAZANÝARYS

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagy dürli ugurlarda, şol sanda hemme taraplaýyn goldawlara daýanyp, yhlasly zähmet çekýän kärendeçi daýhanlaryň ýadawsyz aladalary bilen, özüniň guwandyryjy netijelerini berýär.

Munuň şeýledigini ýylyň şu geçen döwründe gazanylan öňe gidişliklerde­de aýdyň görmek bolýar. Häzirki wagtda daýhan birleşigimiziň bugdaý meýdanlarynda bereketli hasylyň nyşany bolup tolkun atýan maýsaly pellere gözüň düşýär. Bu günki gün oňat hilli sürüm, tekizleme geçirilen meýdanlar ýuwuş, tagt suwlaryndan birkemsiz gandyrylyp, gowaça ekişine başlanandygyny aýtmak bolýar. Bu zatlaryň özi şu ýyl hem biziň rysgal berekedimiziň has köp boljakdygyndan habar berýär.

Kärendeçi daýhanlar Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň, halkymyzyň geljeginiň has­da bagtyýar bolmagy ugrunda edýän tagallalaryna mynasyp iş bilen jogap bermegi özlerine borç hasap edýärler. Şonuň üçin hem mundan beýläk­de ýadawsyz zähmet bilen ak altynyň belent harmanlarynyň döredilmegine, rowaçlyklara beslenen döwrümiziň şu ýylynyň hem zähmet ýeňişlerine mynasyp goşandyny goşjakdyklaryny aýdýarlar.

 

Güljahan ALLAMYRADOWA,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Hakykat daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.