2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

“SAGDYN JEMGYÝET – BAGTYÝARLYGYŇ KEPILI” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde bilelikde guramagynda “Sagdyn jemgyýet – bagtyýarlygyň kepili” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adamlaryň jan saglygyny gorap saklamak gönüden-göni Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýlelikde biziň ýurdumyzda adam saglygyna howply täsir edýän temmäki önümlerine, çilimkeşlige şeýle hem neşekeşlige garşy yzygiderli göreş alnyp barylýar. Mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri netijesinde ýurdumyzda neşekeşlige garşy göreş çäreleri yzygiderli dowam etdirilip, bu günki günde neşäniň ýok edilmegi we Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly işleriň we zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça kabul edilýän birnäçe kararlar, ýurdumyzda halkymyz, aýratyn hem ýaşlar hakyndaky edýän bimöçber aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahaty TKAMM-yň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Begenç Baýramow açyp, onda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň bölüm müdiri Merdan Ýagşyýew, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň hukuk bölüminiň uly prokurory, 3-nji derejeli ýurist Nurjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň uly maslahatçysy Dörtguly Öwezow, Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik bölüminiň 3-nji bölümçesiniň başlygy Maksat Myradow we Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň  Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň başlygy Bakyberdi Annaýew çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar edilen gürrüňleri el çarpyşmalar bilen gyzgyn goldadylar we halkymyza eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mekan BABAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.