2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

IŞJEŇLIK IŞI ILERLEDÝÄR

Awazada Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda okuw maslahaty geçirildi.

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň 25—30-njy marty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky  “Daýanç” sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda “Bagtyýarlyk döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň döwrebap wezipeleri” atly okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Awazadaky bu sagaldyş merkezinde geçirilen okuw maslahatyna ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap, şäher Geňeşleriniň, ylym-bilim ulgamlaryndaky ilkinji guramalaryň başlyklary, gaznaçylary, işjeňleri, şeýle hem Geňeşiň agzalary gatnaşdylar. Olar ýurdumyzyň ylym-bilim edaralaryna, ýokary okuw mekdeplerine, orta mekdeplerine, çagalar baglaryna wekilçilik edýärler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşynda Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şeýle hem ylym-bilim ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wezipelerini kesgitledi. Gürrüňi edilýän okuw maslahatynyň adyndan görnüşi ýaly, bagtyýarlyk döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň wezipelerine bagyşlanmagy hem onuň döwrebaplygyny aňladýar.

Arkadagymyzyň ajap eýýamynda ýurdumyzda hukuk özgertmeleri hem üstünlikli amala aşyrylýar, kanunçylyk hukuknamalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär, olar döwrebaplaşdyrylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn Geňeşleriniň, şol sanda ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap, şäher Geňeşleriniň, olaryň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, gaznaçylarynyň, işjeňleriniň kanunçylyk-hukuknamalaryna girizilýän üýtgetmelerden we goşmaçalardan habarly bolmaklaryny, olary öz işlerinde göz öňünde tutmaklaryny talap edýär. Ine, şu nukdaý nazardan alnanda Awazada geçirilen okuw maslahaty möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi onda kärdeşler arkalaşygynyň işinde hemişe möhüm ähmiýet berilmeli meseleler barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Jennet Ballyýewanyň okuw maslahatyny açyp, onuň işine badalga bermegi bilen, ilki Türkmenistanyň Zähmet kodeksi we beýle­ki ­ka­da­laş­dy­ry­jy­ na­ma­la­ry bara­da­ okuw ­ge­çi­ril­di.

Okuw ­mas­la­ha­tyn­da ­Türk­me­nista­nyň­ Zäh­met ­ko­dek­si­ we ­beý­le­ki ka­da­laş­dy­ryjy nama­la­ry ­bi­len ­bagla­ny­şyk­ly ­kär­deş­ler ­ar­ka­la­şyk­la­rynyň ­gün­de­lik ­iş­le­rin­de ­ýü­ze çyk­ýan me­se­le­ler ­ba­ra­da söh­bet ­açyl­dy. ­Bu te­ma­da­ Türk­me­nis­ta­nyň ­Kär­deş­ler arkala­şyk­la­ry­nyň­ Türk­men­ba­şy şäher ­bir­leş­me­si­niň­ hu­kuk­ gö­zeg­çi­si A.G.Awenesýan ­çy­kyş ­etdi­ hem-de so­wal­la­ra ­jo­gap­ ber­di.

Türk­me­nis­ta­nyň­ Kär­deş­ler­ arka­la­şyk­la­ry­nyň­ Mil­li­ mer­ke­zi­niň­ kär­deş­ler arkalaşykla­ry­nyň ­ag­za­larynyň ­dur­muş-zäh­met ­hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak ­bö­lü­mi­niň tehni­ki ­gö­zeg­çisi­ Ýu­sup­ Ar­ty­ko­wyň ­çy­ky­şy zäh­me­ti go­ra­mak,­ teh­ni­ki ­howp­suz­lyk­ çä­rele­ri­niň ­ge­çi­ri­li­şi ­ba­ra­da ­bol­dy.­ Ol ­bu te­ma­da ­kär­deş­ler ­ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň­ gündelik ­iş­le­rin­de ýü­ze­ çyk­ýan ­mese­le­ler ­ba­ra­da ­okuw ­mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ryň­ so­wal­la­ry­na­ hem jo­gap ­ber­di.

Kär­deş­ler ­ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň ­işiniň­ ugur­la­ry­nyň­ bi­ri­ hem­ ma­li­ýe res­mi­na­ma­la­ry­ny dog­ry­ ýö­ret­mek bi­len ­bag­la­ny­şyk­ly­dyr.­ Okuw ­masla­ha­tyn­da­ kär­deş­ler­ arkalaşygynyň­ il­kin­ji gu­ra­ma­la­ryn­da ­ag­za­lyk tö­leg­le­ri­niň­ ýyg­na­ly­şy­ we­ ma­li­ýe resmi­na­ma­la­ry­ny ­dog­ry ­ýö­ret­mek ba­ra­da ­hem ­okuw ­ge­çil­di. ­Bu ­te­mada­ TKAMM-yň­ ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy bö­lü­mi­niň ­esa­sy ­hü­när­me­ni ­A.Öräýe­wa­ çy­kyş ­et­di.

Okuw­ mas­la­ha­ty­nyň­ ge­çi­ri­len gün­le­rin­de ­oňa ­gat­na­şan­lar ­Awa­zanyň gö­zel ýerlerinde,­ deň­ziň ­ke­naryn­da ­ge­ze­lenç et­di­ler,­ sag­dyn ­durmuş ­ýö­rel­ge­le­ri­ne eýermek ­bi­len, spor­tuň ­bir­nä­çe ­gör­nü­şi boýunça güýç­ sy­na­nyş­dy­lar,­ şeý­le ­hem olar­ “Da­ýanç”­ sa­gal­dyş­ mer­ke­zin­de dynç ­al­mak­ üçin ­dö­re­di­len­ şert­lerden­ peý­da­lan­dy­lar,­ aý­dym-sa­zyň­ owa­zy­na ­joş­gun­ly ­tans­la­ry ýe­ri­ne­ ýe­tir­di­ler.­ Bu­la­ryň ­hem­me­si ­okuw mas­la­ha­ty­na ­gat­na­şan­la­ra ­ýokary ru­hy­ gö­te­ri­liş­ ýag­da­ýy­ny,­ zäh­met joş­gu­ny­ny ­bagyş­ et­di.­

Biz­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Ylym­ we bi­lim ­iş­gär­le­ri­niň ­kär­deş­ler­ ar­ka­laşy­gy­nyň Ge­ňe­şi­niň ­gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len­ “Bag­ty­ýar­lyk­ döw­rün­de kär­deş­ler ­ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň döw­rebap ­we­zi­pe­le­ri” ­at­ly­ okuw­ mas­la­haty­na ­gat­na­şan­la­ryň ­bir­nä­çe­si ­bi­len söh­bet­deş  ­bol­duk. ­Şon­da ­olar ­öziş­le­ri ­hem-de bu ­okuw ­mas­la­ha­tynyň ­ge­çi­ri­li­şi, ­äh­mi­ýe­ti ba­ra­da ­şeý­le gür­rüň ­ber­di­ler.

 

Maral ALLAGURBANOWA,

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň mekdepdäki ilkinji guramasynyň başlygy:

—­ El­bet­de,­ her­ bir­ iş­gär­ler to­pa­ryn­da­ işiň­ ne­ti­je­li ­bol­ma­gy,­ iler­le­me­gi­ üçin onuň ­ar­ka­la­şykly ­we ­saz­la­şyk­ly­ ýo­la­ go­ýul­ma­gy mö­hüm.­ Bi­ziň­ kär­deş­ler­ ar­kala­şy­gy­ gura­ma­myz­ mu­gal­lym­la­ry dö­re­di­ji­lik­li­ zäh­me­te­ hö­wes­len­dirme­giň ­dür­li­ usullaryndan ­peý­da­lanýar.­ Mek­de­bi­miz­de­“Iň ­oňat ­synp ota­gy”,­ “Iň­ aras­sa­ synp­ otagy”,­ “Ýy­lyň ­mu­gal­ly­my”,­“Ze­hin­li­ler ­öňe saý­la­nan­da”, ­“Sag­dyn­lyk ­baý­lykdyr”­ at­ly­ we­ beý­le­ki­ bäs­le­şik­ler gu­ral­ýar.­ Olar­da­ ýe­ňi­ji­ bo­lan­lar kär­deş­ler ­ar­ka­la­şy­gy­nyň ­hö­wes­lendi­ri­ji ­baý­rak­lary ­bi­len­ sy­lag­lanyl­ýar.­ Şeý­le ­hem te­ge­lek ­sto­luň ­ba­şyn­da söh­bet­deş­lik­ler,­ da­ba­ra­ly­ çä­re­ler gu­ral­ýar.­ Kär­deş­ler ­ar­ka­la­şy­gy­nyň­ ag­za­la­ry­na,­ olaryň­ ça­ga­la­ry­na ­dynç­ al­mak üçin­ dynç­ alyş we ­sa­gal­dyş­ mer­kez­le­ri­ne­ ýol­lan­ma­lar­ al­nyp be­ril­ýär,­ baý­ram­çy­lyk­ sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­ýar.

“Awa­za”­ mil­li­ sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky­ “Da­ýanç”­ sa­gal­dyş­ mer­ke­zin­de ­gu­ra­lan ­okuw ­mas­laha­ty tä­sir­li­ geç­di.­ Biz ­bu ­mas­la­hat­da kär­deş­ler ­ar­ka­la­şy­gy ­gu­ra­ma­sy­nyň­ işi­ni­ gu­ra­mak­ bi­len­ bag­la­ny­şyk­ly peý­daly­ mas­la­hat­la­ry­ al­dyk.­ Şol mas­la­hat­lar­ hem,­ kär­deş­le­ri­miz bi­len­ pi­kir­ alyş­ma­lar-da ­bi­ze ­gel­jekde ­işi­mi­zi has-da ­kä­mil­leş­dir­mä­ge­ ýar­dam­ be­rer.

Ýur­du­my­zyň­ bi­lim­ iş­gär­le­ri­ne iş­le­mä­ge,­ hü­när ­taý­dan ­kä­mil­leşmä­ge ­giň mümkinçilik­le­ri­ dö­redýän mäh­ri­ban­ Ar­ka­da­gy­my­za­ al­kyş­ aýd­ýa­rys.

 

Pirmuhammet ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy:

—­Et­ra­by­myzyň­ bi­lim-ter­biýe­çi­lik­ eda­ra­laryn­da ­kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň­ il­kin­ji­ gura­ma­lary­nyň­ je­mi­ 38-si­ bo­lup,­ olar­ 2­ mün­den gow­rak ag­za­ny ­özü­ne birleşdirýärler.­

Biz ­et­rap ­bi­lim ­bö­lü­mi­ bi­len­ bi­lelik­de­ me­ýil­na­ma ­esa­syn­da­ bi­lim ­işgär­le­ri­niň,­ mekdep­ okuw­çy­la­rynyň­ ara­syn­da­ dür­li­ çä­re­le­ri, ­bäs­le­şik­le­ri ge­çir­ýä­ris.­ Türkmenistan­ —­ rowaç­ly­gyň­ Wa­ta­ny ­ýy­ly­na ­ba­gyş­lap wo­leý­bol­ ýa­ry­şy,­ kö­çe-ýol­ he­re­keti­niň ­düz­gün­le­ri­ bo­ýun­ça ­bäs­le­şik ge­çi­ril­di,­ şeý­le­ hem­ me­de­ni-köpçü­lik­le­ýin­ çä­re­ler gu­ral­dy.

Men­ ylym ­we­ bi­lim ­iş­gär­le­ri­niň­ kär­deş­ler­ ar­ka­la­şy­gy­nyň­ et­rap Ge­ňe­şi­ne­ 24 ­ýyl ­bä­ri ­ýol­baş­çy­lyk ed­ýä­rin. Awa­za­da­ ge­çi­ril­ýän ­okuw mas­la­hat­la­ry­na­ yzy­gi­der­li gatnaşýaryn. ­Bu ­iş­de ­baý ­tej­ri­be ­top­landy­gy­ma­ ga­ra­maz­dan,­ bi­ziň­ üçin gu­ral­ýan okuw mas­la­hat­la­ry­nyň ­her bi­ri­ mö­hüm­ äh­mi­ýe­te ­eýe ­bol­ýar.­ Şu ge­zek­ki­ okuw­ masla­ha­tyn­da­ öwre­nen­le­ri­mi­zi­ gel­jek­de ­öz ­işi­miz­de peý­da­la­na­rys.

Okuw­ mas­la­ha­ty­nyň­ do­wam ed­ýän ­gün­le­rin­de ­oňa ­gat­na­şan­lar bi­len ­ge­çi­ri­len ­sport ­ýa­ryş­la­ry ­bi­ziň­ spor­ta­ bo­lan­ hö­we­si­mi­zi­ has-da art­dyr­dy. “Awa­za”­mil­li syýahatçylyk­ zola­gy­ny­ bag­ty­ýar­ly­gyň­ me­ka­ny­na­ öw­ren ­hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs­ ýü­rek­den ­ho­şal­lyk ­bil­dir­ýä­ris.

 

Gülşat MAMEDOWA,

Türkmenabat şäherindäki “Hazyna” atly 29-njy çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

—­ Türk­menis­ta­nyň­ Ylym we­ bi­lim­ iş­gärle­ri­niň ­kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň­ Ge­ňe­şi­niň­ gu­rama­gyn­da­ Awaza­da­ky­ “Daýanç”­ sa­gal­dyş­ mer­ke­zin­de ­ge­çi­ri­len ­“Bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ­kär­deş­ler­ ar­ka­la­şyk­la­rynyň ­döw­re­bap ­we­zi­pe­le­ri”­ at­ly­ okuw mas­la­ha­ty gu­ra­ma­çy­lyk­ly ­ge­çi­ril­di we ­tä­sir­li­ çä­re­le­riň ­bi­ri­ bol­dy. ­Masla­ha­tyň ­mak­sa­dy kärdeşler­ ar­ka­laşyk­la­ry­nyň ­işi­ni­ kä­mil­leş­dir­mek­den yba­rat­ bo­lup,­ oňa­ gat­na­şan­la­ryň­ bu­ ugur­da­ tej­ri­be­ top­la­ma­gy­na­ ýar­dam ­et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly­ Berdimuhamedow­ ýur­du­my­zyň­ jemgyýetçiliksy­ýasy­ gu­ra­ma­la­ry­nyň­ we­ me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň ­we­kil­le­ri­ bi­len­ duşuşygyn­da ­eden ­çy­ky­şyn­da ­ça­ga­la­ryň­ ukyp­la­ry­ny­ aç­mak­da­ mek­de­be ­çen­li­ ça­ga­lar ­eda­ra­la­ry­nyň işi­niň ­ne­ti­je­lili­gi­ni­ ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ­döw­let ­dere­je­sin­de ­üns bermelidi­gi­ni bel­le­di.­ Biz ­Ar­ka­dag ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň ­öň­de go­ýan­ we­zi­pe­le­rin­den­ ugur­ alyp,­ ça­ga­la­ryň­ uky­by­ny ­ýü­ze çy­kar­mak,­ olar­da ­mil­li­ aý­dym-saz ­sun­ga­ty­myza ­söý­gi­ dö­ret­mek ­mak­sa­dy­ bi­len,­ ter­bi­ýe­le­ýän ­kör­pe­le­ri­mi­ziň­ ara­synda­ “Ýyl­dyz­jyk­lar­ nur­ saç­ýar”­ at­ly folk­lor ­bäs­le­şi­gi­ni­ ge­çir­dik.

“Awa­za”­mil­li­ sy­ýa­hat­çy­lyk ­zola­gyn­da ­ge­çi­ri­len ­okuw ­mas­la­ha­ty ba­ra­da ­aý­dy­lan­da, ­bu­ çä­re-de, oňa gat­na­şan­la­ryň ­be­jer­gi­ we ­dynç­ alma­gy ­üçin­ dö­re­di­len­ mümkinçilikler hem­ biz­de ­kana­gat­lan­ma­ hem-de ho­şal­lyk ­duý­gu­sy­ny ­dö­ret­di.

Bi­ze­ iş­le­mä­ge,­ hü­när­ taý­dan kä­mil­leş­mä­ge,­ dynç­ al­ma­ga­ giň­ müm­kin­çi­lik­le­ri­ döredýän­ mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň­ ja­ny­ sag,­ öm­ri uzak­ bol­sun,­ il-ýurt­ bäh­bit­li­ işleri he­mi­şe ­üs­tün­lik­le­re ­bes­len­sin!

 

Meýlis ŞYHYÝEW,

Magtymguly etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň başlygy:

—­ Ag­zy­birlik­li,­ ar­ka­la­şykly ­zäh­met ­oňyn ne­ti­je­ ber­ýär.­ Biz­ mu­ňa­ etra­by­my­zyň­ bilim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da al­nyp­ ba­ryl­ýan iş­le­riň,­ dur­mu­şa ­ge­çi­ril­ýän ­çä­rele­riň­ my­sa­lyn­da ­hem­ aý­dyň ­göz­ ýe­tir­ýä­ris. Et­ra­by­my­zyň­ 20­ sa­ny ­or­ta ­mekde­bin­de,­ 11­ sa­ny ­ça­ga­lar ­ba­gyn­da,­ Ça­ga­lar­ we­ ýet­gin­jek­ler ­dö­re­di­ji­lik­ öýün­de,­ et­rap­ bi­lim­ bölümin­de kär­deş­ler­ ar­ka­la­şy­gy­ gu­ra­ma­la­ry he­re­ket ­edip,­ ola­ryň ­ag­za­la­ry­nyň­ sa­ny­ 1300-e­ go­laý­la­ýar.­ 1-nji,­ 2-nji,­ 3-nji,­ 13-nji,­ 19-njy­ or­ta ­mekdep­le­riň,­ 1-nji,­ 4-nji, 10-njy, ­11-nji­ ça­ga­lar­ bag­la­ry­nyň­ kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň­ iş­jeň­ ag­za­la­ry­ öz işlerinde ­go­wy­ ne­ti­je­leri­ ga­zan­ýarlar. Şol­ üs­tün­lik­ler­ il­kin­ji ­no­bat­da ar­ka­la­şyk­ly­ we ­saz­la­şyk­ly ­iş­le­mek hem-de hü­när­ kä­mil­li­gi­ ne­ti­je­sin­de ga­za­nyl­ýar.

TKAMM-niň­ “Da­ýanç”­ sa­galdyş­ mer­ke­zin­de­ ge­çi­ri­len­ okuw mas­la­ha­ty­ ba­ra­da­ aýda­nym­da,­ bu­ çä­re ­ne­ti­je­li ­hä­si­ýe­te ­eýe­ bol­dy.­ Biz­ okuw­ mas­la­ha­tyn­da­ ýaýbaňlandy­ry­lan­ çy­kyş­lar­dan­ köp­ za­dy­ öw­ren­dik.­ Çy­kyş­la­ryň­ te­ma­la­ry­nyň­ Türkme­nis­ta­nyň­ zäh­met­ ko­dek­si,­ zäh­me­ti­ go­ra­mak,­ teh­ni­ki­ howpsuz­lyk ­çä­re­le­ri­niň ge­çi­ri­li­şi,­ ma­li­ýe res­mi­na­ma­la­ry­ dog­ry­ ýö­ret­mek bi­len­ bag­la­ny­şyk­ly ­bol­ma­gy­ onuň­ äh­mi­ýe­ti­ni­ art­dyr­dy.

Okuw­ mas­la­ha­ty­nyň­ ge­çen gün­le­rin­de­ köp­çü­lik­le­ýin­ sport­ ýa­ryş­la­ry­nyň ­gu­ral­ma­gy­ oňa ­gatna­şan­lar­da­ ho­şal­lyk­ duý­gu­sy­ny dö­ret­di.­ Biz­ gel­jek­de-de­ hor­mat­ly Prezidentimiziň öňü­miz­de ­goý­ýan we­zi­pe­le­ri­ne päk­ zäh­me­ti­miz ­bi­len jo­gap ­be­re­ris.

 

Tirkeş MÄMMEDOW,

ýörite habarçymyz.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.