2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

JEMGYÝET SAGDYNLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT

Saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, sporty ýaýbaňlandyrmak islendik ösen jemgyýetiň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Bu babatda biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini köpçülikleýin wagyz etmek işleri hem işjeň alnyp barylýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyş habarlar merkezi bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň bilelikde guramagynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň işgärleriniň arasynda köp ulgamlaýyn pudagara wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Şeýle häsiýetli maslahatlaryň ähli ulgamlarda hem yzygiderli geçirilip durulýandygyny bilýäris. Bu maslahatlar ýurdumyzyň raýatlarynyň giň manysy bolan saglyk baradaky düşünjeleriniň artmagyna, bu babatda giň dünýägaraýyşlarynyň kemala gelmegine mümkinçilik döredýär. Maslahata gatnaşan lukmanlar we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri hem öz çykyşlarynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wezipelerini üstünlikli amala aşyrmagyň, her bir raýatyň öz saglygyny goramaga jogapkärli çemeleşmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtap geçdiler. Maslahatda çykyş edenler ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak babatda anyk teklipleri berdiler hem-de bu keselleriň öňüni almak ugrunda ýurdumyzda amala aşyrylýan işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle-de maslahatyň dowamynda meýilnama laýyklykda geçirilýän sanjymlaryň halkyň saglygyny saklamakdaky ähmiýeti beýan edildi. Bilşimiz ýaly, ýokanç kesellerden goramak maksatly geçirilýän bu sanjymlar çagalardan başlap, uly ýaşly adamlaryň ählisi üçin hökmanydyr. Ynsan saglygyny iň uly baýlyk hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen jemgyýetiň sagdynlygy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda ulgamyň işgärleri dürli meseleler boýunça, has takygy, temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zyýany. arassaçylyk düzgünleri. psihiki saglygyň goralyşy, alkogolly içgileriň terbiýä ýetirýän zyýany, ýol hereketiniň howpsuzlygy hem-de tertip-düzgün we munuň bilen baglanyşykly ýurdumyzda hereket edýän kanunlar boýunça düşündiriş işleri barada çykyş etdiler. Hor¬matly Prezidentimiziň saýasynda halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda uly aladalar edilýär. Bu aladalar raýatlarymyzyň abadan. bolelin durmuş- da ýaşamagyny üpjün edýär. Bagtyýarlygyň waspy hökmünde halkymyzyň üstümizdäki ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip belent at bilen atlandyrmagy hem ýöne ýerden däldir. Bu ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza bagtly raýatlarymyzyň alkyşlarynyň çägi ýokdur. Bu günki gün ýurdumyzda her bir ildeşimiziň dilinde döredilip berilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdarlyk bar. Goý, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlary bilen ata Watanymyzyň abraýyny belende göteren milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, durmuşa geçirýän asylly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Şatlyk GOŞJANOW,

«Türkmendemiryollary» agentliginiň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

 

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.