2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

HÜNÄRIMIZE GUWANÝARYS

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bilelikde oba hojalygynda hem ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler buýsançlydyr. Ýakynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem gowaça ekişine ak pata berildi. Biziň ülkämizde gowaçanyň inçe we orta süýümli görnüşleri ekilip, ondan bol hasyl alynýar. Gowaçany, dänäni ýetişdirmekde bolsa suw, tehniki hyzmaty bilen bilelikde mineral dökünler esasy zerurlyklaryň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin hem dökünhimiýa pudagynyň işgärleri hem, öz wezipesine dogry düşünip, jan aýaman zähmet çekýärler.

Kärendeçiler dänäniň, pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda gurup beren zawodlaryndan karbamid, azot, fosfor, meliorant, kaliý dökünlerinden başga-da, daşary ýurtlardan getirilýän mineral dökünler bilen gerekli mukdarda, öz wagtynda, bökdençsiz üpjün edilýär. Kärendeçiler munuň üçin hormatly Arkadagymyza alkyş aýdýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň her ýylyň mart aýynyň 31-ini Himiýa senagaty işgärleriniň güni diýip bellemegi bolsa, biz — himiýaçylary diýseň buýsandyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza biz — dökünhimiýa pudagynyň işgärlerine işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il bähbitli işleri rowaç alsyn!

 

Altyn TAŇRYGULYÝEWA,

Wekilbazar etrap «Dökünhimiýa» bazasynyň hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.