Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞANLY SENÄ MYNASYP SOWGADYMYZ

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Garaşsyz döwletimiziň himiýa senagaty çalt depginler bilen ösdürilýär. Şu baýramçylyk günlerinde täze taryhy eýýamyň ýyllary içinde bu möhüm pudaga degişli häzirkizaman tehnologiýaly kärhanalaryň ençemesiniň gurlup, ulanmaga berlendigini ýatlamak ýakymly duýgulary döredýär. Şu kärhanalarda öndürilýän dökünleriň dürli görnüşleri oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Şol bir wagtda ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümlerini daşary ýurtlara eksport etmekde giň mümkinçilikler açylýar.

Biziň kärhanamyz bu pudaga degişli iri we döwrebap kärhanalaryň biridir. 2014-nji ýylda ulanmaga berlen zawodymyz dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde ammiak we karbamid öndürilip, bu baradaky meýilnamalara abraý bilen hötde gelýäris. Kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylyny hem uly ýeňişlere beslemek ugrunda ähli tagallalary edýärler. 850 töweregi işçilerdir hünärmenler

zähmet çekýän zawodymyzyň  adamlary geçen ýylda meýilnamada bellenilen 500 tonna derek 555 tonna önüm öndürip, ýyllyk tabşyrygy 101 göterim ýerine ýetirdiler. Kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýyly bolan 2019-njy ýyly hem uly zähmet ýeňişlerine beslemek maksady bilen öndürijilikli işleýärler. Üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginiň tabşyrygyny 101 göterim berjaý etmek bilen zawodymyzyň işçi-gurluşykçylary gowy netijeleri gazandylar. Şu baýramçylyk gününde ýokary hilli önümlerimiziň Hindistana, Eýran Yslam Respublikasyna, Türkiýä we beýleki ýurtlara eksport edilýändigini ýatlamak biziň üçin buýsançlydyr.

Kärdeşler arkalaşygy komitetimiz tarapyndan işgärlerimiziň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Olar hakda edýän ýadawsyz aladalarymyz bolsa, zawodymyzda öndürijilikli zähmete itergi berýär. Hünär baýramçylyklaryny mynasyp zähmet sowgady bilen garşylaýan zawodymyzyň işgärleri ajap eýýamymyza guwanýarlar. Şanly sene mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresiniň dabarasy bizi täze sepgitlere ruhlandyrýar.

 

Rejepmyrat AMANOW,

«Marykarbamid» zawodynyň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy.

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.