2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

TÜRKMENISTAN — OWGANYSTAN: MEDENI –YNSANPERWER ULGAMDA HYZMATDAŞLYK

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşfar Ganiniň şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň barşynda iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ulgamynda hem möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Munuň özi diňe bir  mumy serhediň bardygy bilen däl, eýsem, iki goňşy halkyň taryhyň dowamynda emele gelen milli-etniki, dini we medeni-durmuş umumylygy bilen şertlendirilendir.

Owganystanyň ýurdumyzyň Lebap we Mary welaýatlary bilen serhetleşýän demirgazyk— günbatar welaýatlarynda, esasan hem, türkmenler kowçum bolup ýaşaýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyz Owganystanyň halkynyň meselelerini çözmäge ilkinjileriň biri bolup seslendi. Ýurdumyzyň muzdsuz kömegi netijesinde Owganystanyň serhetýaka welaýatlarynda saglygy goraýyş we bilim edaralary guruldy, owgan halky üçin derman serişdelerini, okuw esbaplaryny, gurluşyk materiallaryny, azyk önümlerini, egin-eşikleri öz içine alýan ynsanperwerlik ýükleri yzygiderli ugradyldy. Mysal üçin, awtoulag kerwenleri Owganystanyň Farýap welaýatynyň Garamgol etrabynda Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurlan hem-de iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýi üçin derman serişdelerini hem-de lukmançylyk enjamlaryny ýetirdiler.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna Farýap welaýatynyň Andhoý dolandyryş merkeziniň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjit gurlar. Metjidiň gurulmagy ýurdumyzyň doganlyk owgan halkyny hemmetaraplaýyn goldamagyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler. Metjidi 2020-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde baý many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny bellemelidiris. Hereket edýän ylalaşyklara laýyklykda, serhetýaka etraplarda ýaşaýan owgan raýatlaryna ýurdumyzyň Lebap we Mary welaýatlaryndaky saglygy goraýyş edaralarynda lukmançylyk kömegi muzdsuz berilýär.

 Bilim ulgamynda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Owgan ýaşlarynyň ýüzlerçesi Türkmenistanda bilim alyp, Owganystanyň döwlet edaralarynda işleýärler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler.

Häzirki wagtda hem owgan talyplary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde bilim alýarlar. Türkmenistan owgan tarapynyň ýüz tutmasyna laýyklykda, mundan beýläk hem özüniň ýokary okuw mekdeplerinde Owganystan üçin hünärmenleri taýýarlar.

Soňky ýyllarda medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda medeni gatnaşyklar hem işjeňleşdi. Olar dürli çärelere, şol sanda ikitaraplaýyn Medeniýet günlerine yzygiderli gatnaşýarlar. Mysal üçin, türkmen wekiliýeti Nowruz baýramy mynasybetli Owganystana bardy hem-de doganlyk halky ata-babalarymyzyň täsin medeni mirasy we häzirki zaman sungaty bilen tanyşdyrdy.

Owganystan Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň barşynda iki ýurduň arasyndaky taryhy-medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, owgan lideriniň ýurdumyza 2017-nji ýylyň iýul aýynda bolan resmi saparynyň barşynda hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekilendigini ýatlamalydyrys.

Şu gezekki saparyň barşynda bolsa Owganystanyň Prezidenti ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy we şol ýerde bu ýokary okuw mekdebiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor mugallymlar düzüminiň we talyplaryň öňünde çykyş etdi.

Goňşy döwletiň baştutany talyplaryň sowallaryna jogap berip we sebitde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde ýurdumyzyň möhüm ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň, şol sanda owgan meselelerini parahatçylyk ýoly arkaly kadalaşdyrmak baradaky başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini hem-de derwaýysdygyny nygtady. Owgan lideri ýurdumyzyň Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek, onuň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmek işine saldamly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de taraplaryň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, mizemez erk-islegine daýanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana resmi saparynyň netijelerine bagyşlanan makalalar toplumyny jemlemek bilen, ýurdumyzyň owgan meselelerini hemişe diňe parahatçylykly ýol, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmek ugrunda çykyş edýändigini aýratyn nygtamalydyrys. Şunda döwlet Baştutanymyzyň owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ynsanperwer hyzmatdaşlygyň esasy şertleriň biridigine ünsi çekýär.

Saparyň jemleri Türkmenistanyň hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermek bilen, Owganystanyň parahat we döredijilikli durmuşyny hem-de milli ykdysadyýetini dikeltmäge ägirt uly goşant goşýandygyny, türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň täze sahypasyny açýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

 

 Jumanazar GARAJAÝEW,

«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy,

 Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.