2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

NESIL TERBIÝESINIŇ ALADASYNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan—rowaçlygyň Watany» ýylynda sagdyn durmuş, sagdyn jemgyýet ýörelgelerini mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady ilen, Tejen şäherindäki 11-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň, polisiýanyň ýerli wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, ak saçly eneleriň, şeýle-de köp sanly mekdep mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda, «Ýaramaz endikleriň garşysyna göreşeliň!» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde, zyýanly endikleriň täsirinden gorap saklamakda, neşekeşligiň garşysyna göreşde hiç bir adamynyň çetde durmaly däldigini belläp geçdiler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda berk bedenli we sagdyn ruhly türkmen ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmekde alyp barýan beýik işleri amala aşyrýan döwründe ýaşlary terbiýelemekde sportuň hem örän uly ähmiýetiniň bardygy, geljek nesilleriň sagdynlygynyň, maşgala ojaklarynyň abadançylygynyň ägirt uly jogapkärçilikdigi hakynda edilen çykyşlar täsirli boldy.

Maslahatda çykyş edenler milletimiziň saglygyny we arassalygyny goramakda nusgalyk ýol görkezýän hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Berdimuhammet PORSYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen şäher birleşmesiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.