2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ARKADAGYŇ SYÝASATY — ROWAÇLYKLARYŇ GÖZBAŞY

Hormatly Arkadagymyz jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren taryhy duşuşygynda döwletimiziň ykdysady we beýleki ulgamlaryndaky ösüşleri bilen birlikde, soňky on ýylyň içinde ýaş nesliň bilim derejesiniň artýandygyny, ylmy-tehniki ösüşleriň zamanynda olaryň kompýuter sowatlylygynyň has-da kämilleşýändigini bellemek bilen, olaryň halkara derejesindäki diplomatiýany hem dolandyryp biljekdiklerine uly ynam bildirip, bagtyýar zamanamyzyň ýaş nesilleriniň Garaşsyz Watanymyzyň geljekki mynasyp eýeleridigini buýsanç bilen nygtady. Hormatly Prezidentimiziň bu sözleri, biz—bilim işgärlerine ruhy güýç bermek bilen bir hatarda, biziň jogapkärçiligimizi has-da artdyryp, Watana wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde uly sepgitlere ýetmäge borçlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi, her bir işde bolşy ýaly, kämil nesli kemala getirmekde-de, öz halkynyň buýsanjy bolan şahsyýetleri mertebelemekde hem beýik nusga bolup durýar. Ata Gowşudow, Aman Kekilow, Gurbannazar Ezizow ýaly beýik ynsanlaryň nusgalyk keşpleri ýaş nesilleri ata Watanymyza wepaly ýaşlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde görelde mekdebi bolup durýar. Olaryň atlary,  eden işleri edil Asmandaky lowurdap duran ýagty ýyldyzlar ýaly türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, milli edebi mirasymyzy baýlaşdyrýar.

Hormatly Arkadagymyz ýaş nesilleriň millilige ýugrulan watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmelidiginiň zerurdygyny, munuň üçin, ilkinji nobatda, Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, döredijilik we sungat işgärleriniň, bilim işgärleriniň aýratyn uly tagalla etmelidiklerini nygtady. Şeýle-de, milli Liderimiz bu jogapkärli işde esasy mekdebiň  halkymyzyň milli kadalary bolup, olaryň şu günki güne çenli ýol-ýörelge edinilýändigini belledi. Diýmek, kämil jemgyýetçilik keşbiniň emele gelmegi üçin, ol özüniň asyl köküni ata-baba däp-dessurlarymyzdan, nusgawy eserlerdäki ynsanperwer garaýyşlardan alyp gaýtmaly. Şunlukda, türkmeniň ruhy-ahlagy siňip, millilige ýugrulan, dünýä ülňüleri bilen sazlaşykly aňyýeti bolan kämil nesiller kemala gelmeli. Döwlet syýasatynyň aýrylmaz bir bölegi bolan milli ahlak kadalarymyzyň ýaş nesilleriň durmuş ýörelgesine öwrülmeginde, biz—bilim işgärleriniň öz ornumyzda durup, agzybir zähmet çekmegimiz gerek. Ata Watana ak ýürekden hyzmat etjek, onuň mukaddes topragynyň her bir daban ýerini gözleriniň göreji deýin gorajak, watansöýüji ýaşlary terbiýelemek üçin bolsa, eziz Arkadagymyz bize ähli şertleri döredip berdi.

Goý, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan şeýle möhüm, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň binýady baky mizemez bolsun!

 

Mähri ATDAÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.