2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

DOKMAÇYLAR BÄSLEŞDI

Ýakynda Lebap welaýatynyň dokma kärhanalarynda zähmet çekýän gyz-gelinleriň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi. Onuň esasy guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi çykyş etdi.

Welaýatyň ähli künjeklerinden saýlanyp alnan dokmaçylaryň özüni tanyşdyrmagy bilen başlanan bäsleşigiň şertleri soňra goşgulary çeper okamak, dürli tagamlary taýýarlamak we saýlap alan hünäri boýunça başarnygyny görkezmek bilen dowam etdi.

Eminleriň gelen karary bilen, Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşiginden, tikin fabriginden we pagta egriji fabriginden gatnaşýan dokmaçylar ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşan ähli dokmaçylara TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.