Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EZBERLER ÖŇE SAÝLANDYLAR

Golaýda welaýat baş bilim müdirligi hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2019» atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek hakynda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde döredijilikli zähmet çekýän, hünärine ussat, göreldeli terbiýeçileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar okuw maksatnamasyna laýyklykda işjeň usulda özleriniň hünär ussatlyklaryny sapak bermek arkaly açyp görkezdiler. Terbiýeçä baha berlende, olaryň körpeleriň işjeňligini, bilim almaga bolan höwesini ösdürişi, sapagyň dowamynda bilimdir terbiýe bermegiň döwrebap usullaryndan ýerlikli peýdalanyşy, mugallymçylyk we sözleýiş medeniýeti ýaly görkezijiler hem göz öňünde tutuldy.

Terbiýeçileriň taýýarlan okuw-görkezme, paýlama esbaplaryndan, öwrediji oýunlaryndan, usuly gollanmalaryndan guralan sergi hem köpleriň ünsüni çekdi. Bäsleşýän terbiýeçiler «Bilimli nesliň tarapdary biz» diýen tema boýunça taýýarlan ylmy-usuly, gözegçilik häsiýetli şahsy taslamany köpçülige hödürlediler. Şeýle hem terbiýeçileriň bilim derejesi, syýasy sowatlylygy we hünär başarnyklary sorag-jogap arkaly barlanyldy.

Emin agzalarynyň  adalatly baha bermeginde Mary etrabynyň 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Maral Welsähedowa baş baýraga mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň jemi boýunça ýeňiji bolanlar welaýat baş bilim müdirliginiň diplomlary we kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldylar.

 

Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,

Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.