Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝEŇIŞLERE BADALGA

Biziň sport mekdebimizde sportuň görnüşi boýunça ýaşlara türgenleşik sapaklary geçirilýär.

Boks taýboks, milli göreş, ýeňil atletika, erkin göreş, tennis, woleýbol boýunça türgenleşýän ýaşlarymyz etrabyň çäginde guralýan ýaryşlara gatnaşyp, öz başarnyklary bilen baýrakly orunlary eýeläp gelýärler. Sport mekdebinde Babanazar Şiriýew, Begmyrat Amanow, Toýly Janmyradow, Döwletmyrat Ýagşymyradow, Rozygeldi Artykow, Agzamguly Gurbangeldiýew ýaly ussat tälimçileriň ýolbaşçylyk etmeginde 2005 — 2006 — 2007 — 2008-nji ýyllarda doglan okuwçy oglan-gyzlaryň arasynda  sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.      

Ýakynda sport mekdebimiziň baş tälimçisi Agzamguly Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygynda 3-nji ýyl başlangyç taýýarlyk toparlarynyň 2006 — 2007 — 2008-nji ýyllarda doglan okuwçy oglanlaryň arasynda woleýbol boýunça guralan ýaryş çekeleşikli geçdi. Ýaryşda toparlardan Alşir Merdanow, Kemal Rozyýew, Yhlas Akmuhammedow, Päiwan Ýazmyradow, Aganepes Haýryllaýew, Şageldi Garaýew dagy öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlaryň türgenlerine etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Agajuma AKUMMEDOW,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.