Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DERTLÄ DERMAN KEÝIGOKARA

Gözel tebigatymyzda adamyň derdine derman bolýan ösümlikler bar. Lukman Hekim olaryň peýdasyny halka ýetirmegi başarypdyr. Welaýat baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünäri ýokarlandyryş merkezinde mugallymlaryň öňünde ýörite bellenen tema boýunça çykyş etmeli boldum. Men mugallymlara ýetirmeli ylmy täzeliklerimi aýdyp bolanymdan soňra sorag-jogap alyşdyk. Şonda Tagtabazar etrabynyň  Gulja geňeşliginiň Gulja obasyndaky 10-njy orta mekdebiň geografiýa mugallymy  Jennet Amanowa tebigatyň owadan görküne görk berip oturan keýigokaranyň hem-de onuň köküniň dermanlyk häsiýeti  barada gyzykly gürrüň berdi.

Ýaşap ýörseň başyň agyryp, baldyryň syzlaman bolaýýarmy näme? Günleriň birinde ýakyn garyndaşymyň  hassalanyny eşidip, ony soramaga bardym. Ol derdini aýdanda Jennet mugallymyň keýigokara baradaky gürrüňleri ýadyma düşdi. Men garyndaşyma saglyk diläp, sagbollaşyp gaýdyşyma häzirki wagtda tebigatyň  dertlä derman ösümlikleriniň diline düşünmekligi başarýan, Baýramaly etrabynyň bilim bölüminiň baş hünärmeni, Magtymguly medalynyň eýesi Akmuhammet Annaýewden keýigokaranyň dermanlyk häsiýetini, ony taýýarlamaklygyň usullaryny soradym. Akmuhammet mugallymyň öwredişi ýaly edip men keýigokarany derman hökmünde ulanmaklyk görnüşinde taýýarlap bildim. Elbetde, bu usullar häzirki wagtda durmuşda ulanylyp görlen.

Keýigokaranyň dermanlyk häsiýeti esasan güýz aýlarynda has hem güýçli bolýar. Ony eliňe alanyňdan soňra daşky gabygyny sypyryp aýyrmaly. Ondan soňra pyçak bilen alma, pomidor bölünişi ýaly ýukajyk edip bölmeli-de, garaňkyrak ýerde nah matanyň üstünde biri-birine degip durmaz ýaly serip goýmaly. Zeňläp durmaz ýaly wagt-wagt ony eýläk-beýläk agdaryp durmaly. 20-25 günden soňra bolsa keýigokara derman hökmünde ulanmaga taýýar bolýar.

Ulanmagyň düzgüni. Bir käse gaýnag suwa başam barmagyň ululygy ýaly bölegini atyp, bulanyňdan soňra, käsedäki gaýnag suw sowap içmek mümkinçilige geleninde nahardan soň 4-5 owurt içmeli. Eger naharlanman içseň adamyň gan basyşyny peseldip, gurbatsyz edýär. Şonuň üçin hem naharlanyp gurbatlananyňdan soň ulanmaklyk maslahat berilýär. Keýigokaranyň köki suw bilen gowy garyşanyndan  soňra onuň yzynda eremän galýan süýdi (şepbigi) hem bir arassa kleýonka dolap goýmaly. Sebäbi ol köwek dişler agyranynda ulanylýar. Dişiň köwegine bir bölejigini dykaýmaly. Ol dişiň duýgusyny rahatlandyryp, agyrysyny aýyrýar.

Dermanlyk häsiýeti: Iç geçmede, süýji keselinde kömek edýär. Oduň ýerine ýetirýän wezipesini ýerine ýetirýär, adamyň iýmit siňdirişini düzgünleşdirýär, duýgyny rahatlandyrýar.

Güneşli ülkämiziň ene topragynda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini öwrenip, şu günki bagtly durmuşymyzyň mähriban adamlarynyň aňyna. gursagyna guýup bilen ata-babalarymyza neneň guwanmajak?!

 

Amanmyrat ÝAMADOW,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň ýokary hünär derejeli geografiýa mugallymy, ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.