Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZÄHMETE HÖWES DÖREÝÄR

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda müdirligimiziň kärdeşler arkalaşygy guramamyzda zähmet adamsy hakyndaky meselelere çynlakaý çemeleşilýär. Biz gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga çalyşýarys. Önümçiligiň öňdebaryjylarynyň höweslendirip durulmagam oňyn netijesini berýär. Tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi bilen bagly çärelere-de uly üns berýäris. Gazçylarymyzyň ýörite egin-eşikler we aýakgaplar bilen üpjün edilmegini gazanýarys.

Garaşsyz döwletimizde giňden bellenilýän baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli dabaraly çärelerimiz gazçylarymyzda ýokary ruhubelentlik, öndürijilikli zähmete höwes döredýär.

 

Myrat AKMÄMMEDOW,

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.