2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

DOST-DOGANLYK ÝOLLARY

Owganystan  Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň golaýda Türkmenistana  bolan resmi saparynyň barşynda hökümetara resminamalaryň birnäçesine, şol sanda Howa gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Akina—Andhoý demirýoluny gurmak barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmen­owgan döwlet serhedinde halkara demir ýol geçiriş ýeri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga, Türkmen-owgan döwlet serhedinde Serhetabat—Turgundy stansiýalarynyň arasynda demir ýol gatnawyny guramagyň Kadalaryna gol çekildi.

Munuň özi, ilkinji nobatda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň Owganystanyň halkara ykdysady işlerine, şol sanda ulag ulgamyna netijeli goşulyşmagyna ýardam bermek boýunça anyk ädimleri ädendigi bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, 2016­njy ýylyň 28­nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem­de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny—Atamyrat—Ymamnazar—Akina demirýoluny işe girizmek dabarasy boldy.

Bu ýoluň umumy uzynlygy 88 kilometre barabardyr. Täze polat ýoly Owganystana Türkmenistanda öndürilýän ýangyç serişdeleriniň, hususan­da, nebit önümleriniň we suwuklandyrylan gazyň iberilýän möçberlerini artdyrmak hakyndaky ylalaşygy nazara almak bilen, haryt dolanyşygynyň möçberlerini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir hemde owgan ykdysadyýetiniň dikeldilmegine kuwwatly itergi bermelidir.

Owgan lideriniň ýurdumyza bolan şu saparynyň barşynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Akina—Andhoý demir ýoluny gurmak barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bolsa bu polat ýolunyň Andhoýa çenli böleginiň gurluşygyny dowam etmek üçin esas bolup durýar. Bu gurluşyk işleri hem türkmen tarapyndan amala aşyrylar.

Serhetabat (Türkmenistan) —Turgundy (Owganystan) demir ýol gatnawy taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Owganystany sebitde iri ulag düzümini döretmek taslamalaryna çekmekde möhüm waka boldy. Geçen ýylyň 23­nji fewralynda täze demir ýol şahasyny açmak mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen­owgan polat ýolunyň gurluşygyny doganlyk halka hemmetaraplaýyn ýardam we goldaw berýän ýurdumyz öz üstüne aldy. Demir ýoluň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde Turgundy menziliniň geçirijilik ukyby artdy, Owganystanyň haryt dolanyşygynda onuň ähmiýeti ýokarlandy, gysga wagtda we has oňaýly ýol arkaly owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak hem­de bu ýurda import harytlaryny getirmek mümkinçiligi döredi.

2018­nji ýylyň 23­nji fewralynda serhet ýakasyndaky Serhetabat menzilinden Owganystanyň Hyrat welaýatyna ýolagçy wagonlaryň bäşisinden hem­de ýük wagonlarynyň 50­sinden ybarat bolan ilkinji demir ýol ulagy ugradyldy. Ýük wagonlaryna Türkmenistanda öndürilen nebit önümleri, azyk we senagat harytlary ýüklenildi.

Şoňa görä­de, ýokary derejede geçen gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň arasynda Türkmen­owgan döwlet serhedinde Serhetabat—Turgundy stansiýalarynyň arasynda demir ýol gatnawyny guramagyň Kadalaryna, şeýle hem Türkmen­owgan döwlet serhedinde halkara demir ýol geçiriş ýeri hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. 2018­nji ýylyň dekabr aýynda Hyratdan Turgundy menziline awtomobil ýük kerweni geldi. Şol awtoulaglara owgan daýhanlarynyň ýetişdiren oba hojalyk önümleri, şol sanda pagta, kişmiş, garpyz çigitleri we beýleki önümler ýüklenildi. Bu ýükler Türkmenistanyň çäginden we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly geçip, Azerbaýjan Respublikasyna, şol ýerden bolsa Gruziýanyň üstünden Türkiýä ýetirildi. Şeýlelikde, bu ugur boýunça ygtybarly gatnawlaryň ýola goýulmagy arkaly owgan halkynyň öndüren harytlarynyň Ýewropanyň halkara bazarlaryna çykarylmagy kepillendirildi.

Umuman, Owganystanyň Prezidentiniň resmi saparynyň netijeleri iki ýurduň we halklaryň parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady. Ýurdumyzyň başyny başlan, mundan beýläk­de sebit we ählumumy goşulyşmagyna gönükdirilen giň möçberli taslamadan hem uly durmuş­ykdysady netijä garaşylýar —geljekde Aziýa ulag geçelgesi Hytaýyň köpşahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa—Ýuwaş umman sebitiniň çalt depginler bilen ösýän döwletlerine çykar. Polat ýol sebit hem­de halkara möçberde ulag­üstaşyr gatnawlaryň möhüm bölegine öwrülip, bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam eder.

Owganystany sebitde giň möçberli ulag düzümini döretmek taslamalaryna çekmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Ýokarda bellenilişi ýaly, Serhetabat—Turgundy demir ýol gatnawy bilen baglanyşykly taslama üstünlikli durmuşa geçirildi we Türkmenistan bu polat ýoly Hyrat şäherine çenli gurmagy dowam etdirmek baradaky gepleşikleriň başlanmagyna taýýardyr.

Häzirki wagtda Akina demir ýol menzilinde polat ýoluň 10 kilometrlik böleginiň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmen tarapy bu demir ýoluň gurluşygyny Andhoý şäherine çenli dowam etmegiň tehniki­ykdysady taslamasyny taýýarlamak meselesine garamaga hem taýýardyr.

Lazurit taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň hem­de maksadalaýyk alnyp barylýar. Bu möhüm ulag geçelgesini döretmegiň ähli meselelerini ylalaşmak maksady bilen bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşyklaryny yzygiderli dowam etdirmek meýilleşdirilýär.

 

Jumanazar GARAJAÝEW,

«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi.

 

 

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.