2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

MILLI SPORT OÝUNLARYNYŇ BÄSLEŞIGI

Golaýda Milli sport oýunlarynyň Daşoguz Şäher tapgyry geçirildi. Oýunlar sportuň milli göreş, düzzüm, küşt, ýaglyga towusmak ýaly görnüşleri boýunça guralyp, juda çekeleşikli boldy. Ýaryşlarda ussat türgenler öňe saýlanyp, eminleriň gelen netijelerine görä, milli göreŞ boýunça agram derejelerine laýyklykda 1-nji orna “Daşoguzenergo” önümçilik birleşiginiň işgäri Hangeldi Myradow, TOHI-niň talyplary Süleýman Batyrow, Kuwwat Gylyjow, Kakajan Rahmanow, Mekan Durdygylyjow, Begendik Babaýew, Akmuhammet Ýoldaşew, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Nurmuhammet Ismailow, welaýat köpugurly hassahanasynyň işgärleri Jumageldi Jumageldiýew, Mekan Annageldiýew dagy mynasyp boldular. Küşt boýunça erkekleriň arasynda Daşoguz şäherindäki 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň işgäri Aýbek Rozmetow, zenanlaryň arasynda Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň tälimçisi Ýulduzhan Matýakubowa, düzzüm boýunça erkekleriň arasynda TOHI-niň talyby Hudaýberdi Baýramow, zenanlaryň arsynda Daşoguz şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy Aýjan Annamedowa, şeýle-de ýaglyga towusmakda TOHI-niň talyby Wepa Jumageldiýew dagy ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan türgenler ýakyn günlerde geçiriljek TKA-nyň XX Milli sport oýunlarynyň welaýat tapgyryna gatnaşarlar.

 

Bibigül AMANOWA,

Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.

 

***

Ýakynda TKA-nyň Milli merkezi tarapyndan her ýyl geçirilýän Milli sport oýunlarynyň bäsleşiginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap tapgyry bolup geçdi. Etrabyň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde geçen sport ýaryşy çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Oňa gatnaşan türgenler sportuň milli türkmen göreşi, düzzüm, küşt, ýaglyga towusmak görnüşleri boýunça özara güýç synanyşdylar.

Milli türkmen göreşi boýunça 48 kg agramda Musa Ýusubow, 52 kg agramda Nurmuhammet Aşyrgylyjow, 57 kg agramda Nurmuhammet Aşyrgylyjow, 62 kg agramda Baýrammyrat Hanmedow, 68 kg agramda Tirkeş Ödenyýazow, 74 kg agramda Guwanç Tuwakow, 82 kg agramda Aýmuhammet Garlyýew, 90 kg agramda Otuzmyrat Jumageldiýew, 100 kg agramda Geldimyrat Balow, 100 kilogramdan ýokary agramda Goçmyrat Balow 1-nji orna mynasyp boldular.

Küşt boýunça erkekleriň arasynda Hojanazar Durdyýew, zenanlaryň arasynda Gülşat Mämmetgeldiýewa öňe saýlanmagy başardylar.

Düzzüm oýny boýunça erkekleriň arasynda Guwanç Ödetaganow, aýallaryň arasynda Jemal Garýagdyýewa dagy ýeňiş gazandylar.

Ýaglyga towusmak boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi Sapargeldi Nazarow boldy.

Ýeňiş gazanan türgenler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara TKA-nyň etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Annageldi BEKIÝEW,

«Daşoguz habarlary».




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.