2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ROWAÇLY ÖSÜŞLERDEN RUHLANÝAN ZENANLAR

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde  maşgala ojagynyň eýeleri zenanlaryň arşsynda «Rowaçly ösüşlerden ruhlanýan zenanlar» ady bilen wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Maşgala binýadyny pugtalandyrmak, zenan asyllylygy, gyz edebi, perzent terbiýesi, bagtyýarlyk döwrüne buýsançly gürrüň edilýän şeýle wagyz-nesihat çäreleri welaýatymyzyň Murgap, Ýolöten etraplarynda, Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde, Baýramaly şäherinde geçirildi.

Wagyz-nesihat çärelerinde paýtagtly myhmanlar — Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy Jennet Ballyýewa, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy Ene Mämmedowa, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Amangül Nurmyradowa hem-de ýerli hünärmenler çykyş etdiler. Watanymyzdaky rowaçly ösüşlerden ruhlanýan zenanlar, hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan belent sarpasy, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirýän zenanlaryň jemgyýetdäki orny hakyndaky gürrüňler çykyşlaryň täsirliligini artdyrdy. Paýtagtly myhmanlaryň welaýatymyza guran saparynyň dowamynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda döredijilik duşuşygy geçirildi. «Tegelek stoluň» başyndaky duşuşyga welaýatymyzyň kalby joşgunly şahyrlarynyň birnäçesi gatnaşdy. «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirilen döredijilik duşuşygynda şahyrlar Annageldi Källiýew, Muhammetjuma Hydyrow, Rozygül Ýazhanowa, Maýa Çarygulyýewa, Nartäç Yusupdurdyýewa, Maýa Orazgulyýewa, Bahargül Mejidowa döwletli-döwrana, ajaýyp zamana, zenan bagtyýarlygyna, buýsançly şygyrlaryny Arkadag Prezidentimize alkyş sözleri bilen utgaşdyryp okadylar. Döredijilik duşuşygy Zemine joşgun berýän baharyň şahyr köňülleri has-da joşdurýandygyny aýan etdi.

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda Gahryman Prezidentimiziň saýasynda döredijilik adamlarynyň Watan rowaçlyklaryndan ruhlanýandygyny, döwrüň sesine ses goşýandyklaryny aňlatdy.

 

A. MUHAMMEDOWA.

 

***

 

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň meýilnamasyna laýyklykda, etrap medeniýet öýünde «Rowaçly ösüşlerden ruhlanýan zenanlar» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa paýtagtly myhmanlar, etrap zenanlar geňeşiniň agzalary, mährem eneler, bilim işgärleridir ýaşlar gatnaşdylar.

Watan ösüşlerine zähmet goşandyny goşýan zenanlar, olaryň jemgyýetdäki we maşgaladaky, perzent terbiýesindäki orny hakynda buýsançly gürrüňlere giň gerim berildi. Maslahatda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzalary, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşiniň başlygy Jennet Ballyýewa, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşiniň başlygy, Ene Mämmedowa, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Amangül Nurmyradowa, etrabymyzdan Il sylagly mährem ene Ogulbibi Amangeldiýewa we beýlekiler çykyş etdiler.

Çykyşlarda enelerimize hormat-sarpaly Arkadag Prezidentimize alkyşlar aýdyldy.

 

Ogulnäzik MUKYMOWA,

TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň işgäri.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.