2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

KIM-DE-KIM BIR AGAÇ EKSE ÝADYGÄR

Ýurdumyzy bagy­bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan tutumly işlere ähli watandaşlarymyz özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Welaýatlarda we paýtagtymyzda agaç nahallaryny ekmek çäresine ýaşulular hem, ýaşlar hem işjeň gatnaşýarlar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ähli şäherlerinde we obalarynda bagçylygy ösdürmäge, şol sanda bag­seýilgäh toplumlaryny döretmäge uly üns berilýär. Şahyryň ýazyşy ýaly:

 

Kim-de-kim bir agaç ekse ýadygär,

Dünýä kitabynda onuň ady bar.

 

Ýurdumyzy bagy­bossanlyga öwürmäge goşant goşmak her bir adam üçin parzdyr. Hut şonuň üçin Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaşyl guşaklary döretmek  we oba­şäherlerimizde tebigatyň gözelligi bilen sazlaşýan ajaýyp seýilgähleri gurmak däbe öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýan ildeşlerimiz eziz Diýarymyzy bagy­bossanlyga öwürmek işine hem işjeň gatnaşýarlar. Bahar paslynyň gelip ýetmegi bilen, tebigat ýaşyl donuny geýip, töwerek­daşymyz lälezarlyga bürenýär. Şol gözellige gözellik goşmak üçin ildeşlerimiz agzybirlik bilen bag ekmek işine gatnaşýarlar. Bu il bähbitli tutumly işde biz hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, yhlas bilen zähmet çekeris.

 

Şeker ATAJANOWA,

Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hünärmeni.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.