2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

NUSGALYK IŞLERIŇ ÜNDEWI ÝETIRILDI

Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyza, il-halkymyza bolan belent söýgüsiniň, irginsiz üns-aladasynyň netijesinde halkymyzyň durmuşy barha rowaçlanyp, bagtyýarlyga we bolelinlige beslenýär. Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly, ynsanperwer ýörelgä esaslanýan döwlet syýasatynyň okgunly durmuşa geçirilmegi bilen eziz Diýarymyzda adam hakyndaky alada döwletiň we jemgyýetiň baş maksadyna öwrüldi.

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň mejlisler zalynda ýurdumyzyň iri syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda häzirki döwürde güneşli Diýarymyzyň parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň, bereket-bolçulygyň, dost-doganlygyň, durnukly we okgunly ösüşleriň ýurdy hökmünde dünýäde giňden meşhurlyk gazanýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da, belent sepgitleri nazarlaýan tutumly maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has gowulanýandygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraý-mertebesiniň barha pugtalanýandygy hakynda hem durlup geçildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeleri halk köpçüliginiň arasynda düşündirmeklige, zähmetkeşleriň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga, zähmet işjeňligini ýokarlandyrmaklyga, durmuş-zähmet hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmeklige, jemgyýetimizde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmaklyga, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmeklige gönükdirilen işleri bilen bagly täze wezipeleriň kesgitlenilmegi bizi has-da netijeli işlemeklige ruhlandyrdy. Ýaşlar hakyndaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, ösüp gelýän nesil üçin döwrebap bilim we terbiýe almaga, hünär öwrenmäge, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini giňden açmaga, ata Watanymyza wepaly ýaşlar, kämil şahsyýetler bolup ýetişmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, olardan peýdalanýan oglanlaryň we gyzlaryň ylmy bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary netijeleri gazanýandyklary barada aýdyldy. Munuň bolsa ýaşlaryň bilim almaga, gerekli hünärleriň eýeleri bolmaga, halal zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrýandygy nygtaldy.

 

Bahtyýar Nurmamedow,

Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň başlygy




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.