2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

NEBIT-GAZÇY ZENANLARA AÝDYM-SAZDAN DÖRÄN ÇEMEN

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Halkara zenanlar güni döwlet derejesinde giňden dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda mähremligi, parasatlygy bilen däp-dessurlarymyzy saklap, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy ýaş nesle ýetirýän ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza çäksiz sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan «Enä tagzym - mukaddeslige tagzym» atly kitaby munuň aýdyň mysalydyr. Her ýyl döwlet derejesinde geçirilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli körpeje jigilerimizden başlap, kümüş saçly enelerimize çenli ähli zenanlarymyza hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işlerinden ugur alyp, Halkara zenanlar güni mynasybetli nebit-gaz pudagynda zähmet çekýän zenanlar üçin Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň, «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem-de pudagyň zenanlar guramalarynyň bilelikde guramagynda «Zeminiň gül-lälesi, gözel zenanlar» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabarada «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlary zenanlarymyzy ajaýyp tebigatymyzy, bahar paslymyzy wasp edýän aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Eneş Rejepowa, Ogulgerek Gurbanowa, Döwran Nurýagdyýew, şeýle hem Jumamyrat Gylyjow, Baýramhan Saparow, Gözel Annamuhammedowa we beýleki sungat ussatlary çykyş etdiler. Konserte gatnaşyjy zenanlaryň ajaýyp tanslary sungat ussatlaryny joşgunly aýdymlary bilen çykyş etmäge ruhlandyrdy. Baýramçylyk dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi we oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

 

“Nebit – gaz” gazeti

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.