2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ENE — DÜNÝÄNIŇ GÖRKI

Bahar paslynyň ajaýyp çagynda bellenilýän Halkara zenanlar gününiň dabaralary gadymy Ahal ýaýlasynda aýratyn uly ruhubelentlige beslendi. Welaýatymyzyň şäherçelerinde, şäherdir etraplarynda ýaýbaňlandyrylan giň göwrümli baýramçylyk çäreleri mährem eneleriň, gelin-gyzlaryň şanyna tutulan toýuň many-mazmunyny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi hem-de ýurdumyzda zenanlara hormat-sarpanyň uludygyny ýene- de bir gezek äşgär etdi.

 

ÄNEW.

Welaýat merkezine görk goşýan Medeniýet öýünde geçirilen dabara köp adamly boldy. Bu dabara welaýatymyzyň ähli ýerinden halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän gelin- gyzlar, talyp ýaşlar hem-de mährem eneler gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, «Ene mähri » diýen hormatly ada eýe bolan eneler welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hemde welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu baýramçylyk dabarasynyň iň arzyly myhmany boldular.

Dabarany Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa açyp, mährem eneleri, gelin- gyzlary Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlap, bu senäniň ähmiýetini belledi. Onuň aýdyşy ýaly, täze taryhy döwrümizde türkmen zenanlarynyň mertebesi- sarpasy belentdir. Iň ajaýyp, gözel ahlak sypatlaryny özünde jemleýän gelingyzlarymyz, ýüregi mähirden doly enelerimiz bu gün ata Watanymyzda çäksiz mähir hem-de alada bilen gurşalýar. Hormatly Prezidentimiziň özleri barada edýän aladalaryndan ruhlanan zenanlar bu gün ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrundaky tagallalara mynasyp goşant goşmak bilen birlikde, maşgala terbiýesinde nusga bolup durýarlar. Perzentlerini watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, bilimli, edepli, ýokary ahlakly adamlar bolup ýetişdirmekde yhlas edýärler. Köp çagaly enelere «Ene mähri » diýen hormatly adyň dakylmagy bolsa, zenanlaryň buýsançly başyny göge ýetirýär.

Dabarada milli Liderimiziň Permany bilen, “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynda köp çagaly eneleriň uly toparyna «Ene mähri » diýen hormatly adyň dakylandygy, şeýle bagta ahally zenanlaryň 22-siniň eýe bolandygy hakynda aýratyn nygtaldy.

Ýagşy niýetli arzuwlardan, buýsançly sözlerden soňra dabaranyň iň arzyly myhmanlaryna — hormatly Prezidentimiziň nobatdaky Permany esasynda, «Ene mähri » diýen hormatly ada mynasyp bolan, sekiz we ondan köp çagany terbiýeläp, kemala getiren enelere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň, baharyň ter güllerinden boglan çemenleriň gowşurylmagy, şol günki toýuň iň şatlykly we ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Bagtyýar eneler şol tolgundyryjy pursatda Şa serpaýy üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna egsilmez alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Şol günki ajaýyp wakanyň şanyna welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary boldy. Baýramçylyk sahnasyny welaýatymyzyň tanymal aýdym- saz, tans we halk döredijilik toparlarynyň milli öwüşginli çykyşlary bezeg goşdy. “Ahal öwüşginleri”, “Dürdäne” tans-halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary aýratyn şowhun bilen garşylandy. Bu ýerdäki baýramçylyk şagalaňy milli sungatymyzyň meşhur “Küştdepdi” joşgunly çykyşy bilen jemlendi.

 

“Ahal durmuşy” gazeti




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.