2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

NUSGALYK ŞÄHER GURLAR KITAP — RUHY HAZYNA

Hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini gurmak bilen baglanyşykly gol çeken resminamasy bagtyýar ulus-ilimizi şatlandyrdy, tolgundyrdy. “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň taryhy günlerinde şatlykly habary eşiden ildeşlerimiziň kalby joşgunly, ýüregi ylhamdan doly. Raýatlaryň ýürek buýsançly sözlerini eşideniňde, bu hakykata has anyk göz ýetirýärsiň.

 

Meretdurdy GYŞYKOW,

Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň göz lukmany:

— Hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen durmuş syýasatynyň barha rowaç alýandygyna her bir ädimimizde şaýat bolýarys. Eziz Diýarymyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap ýaşaýyş toplumlarynda, obalarda, şäherçelerde we şäherlerde ildeşlerimiz üçin ýokary derejedäki durmuş üpjünçiligi, giň amatlyklar döredilýär. Olarda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak maksady bilen saglygy goraýyş desgalary hem bina edilýär. Ösüş özgertmeli döwrümiziň şeýle eşretlerine buýsanýan çagymyzda döwlet Baştutanymyzyň etrabymyzyň çäginde welaýatymyzyň edara ediş merkezini gurmak bilen baglanyşykly Karara gol çekendigini eşidip, diýseň begendik.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň güýzünde etrabymyza iş sapary bilen gelende, Gorjaw geňeşliginde guruljak täze, döwrebap şäheriň taslamalary bilen tanşypdy. Şol şatlykly wakanyň täsirinden çykmankak, döwlet Baştutanymyzyň taryhy resminamany kabul etmegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Welaýatymyzyň edara ediş merkezinde dolandyryş desgalary, edara- kärhanalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň binalary, bilim- terbiýeçilik, medeni- dynç alyş we işewürlik toplumlary bilen birlikde 350 orunlyk Köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk Onkologiýa merkeziniň, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Tiz kömek merkeziniň hem guruljakdygy biz — lukmanlarda uly ruhubelentlik döredýär.

Etrabymyzyň çäginde dünýäde ykrar edilen ekologiýa, innowasiýa we täze çillik talaplaryna laýyk geljek täze, döwrebap şäheri gurmak babatda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, Arkadag Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

Meretguly MAGTYMOW,

Ahal welaýat kitaphanasynyň neşirleri toplamak we işlemek bölüminiň müdiri:

— Gahryman Arkadagymyz Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatymyzyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak boýunça Karara gol çekendigini eşidenimizde örän begendik, tolgundyk, şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýandygymyza buýsandyk.

Köpetdagyň gözel künjeginde bina ediljek täze, döwrebap şäherde Ruhyýet köşgüniň, drama teatrynyň, kitaphananyň, muzeýiň hem-de beýleki medeni ojaklarynyň desgalarynyň guruljakdygy şatlygymyza şatlyk goşýar. Biz — kitaphana işgärleri täze şäherde guruljak kitaphananyň kaşaň binasynda döwrebap şertlerde zähmet çekmäge, okyjylara ýokary derejede kitaphana hyzmatyny amala aşyrmaga giň amatlyklaryň dörediljekdigine diýseň begenýäris. Şäheriň taslamasynda kitaphana binasy aýratyn orun alýar. Ol özüniň binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanyp, şäher gurluşyk we binagärlik ulgamynda ajaýyp hem-de gaýtalanmajak nusga hökmünde ünsi özüne çeker. Kitaphanada etrap kitaphanalaryna usulyýet kömeklerini bermek boýunça zerur çäreler durmuşa geçiriler. Onda kitaphana hyzmatyny guramak hem-de kitaphananyň ýörite bölümleriniň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikleriň we şertleriň göz öňüne tutuljakdygy biziň gyzyklanmamyzy has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda kitaphana işini dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak, ösüp gelýän ýaş nesli sowatly, kämil düşünjeli, watansöýüji şahsyýetler edip ýetişdirmek ugrundaky tagallalary barha rowaç alýar. Şeýle paýhasly ýörelgeler esasynda halkymyza ajaýyp binalary, şäherleri gurdurýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynda milli Liderimiziň tutýan taryhy tutumlary elmydama rowaç alsyn!

 

 Gülälek AGALYKOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri:

— Arkadag Prezidentimiz Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini gurmak boýunça taryhy Karara gol çekdi. Munuň özi, welaýatymyzyň her bir ýaşaýjysy üçin juda şatlykly wakadyr. Taryhy künjekde guruljak nusgalyk şäherde ýokary şertlerde ýaşamak, zähmet çekmek üçin ähli amatlyklaryň dörediljekdigi örän buýsançlydyr.

Hormatly Prezidentimiz adam hakdaky aladany döwlet syýasatynda ilkinji nobatda goýýar. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş taglymaty hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu taglymat döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly, giň göwrümli işlerde öz anyk beýanyny tapýar. Soňky sanlyja ýylyň içinde welaýatymyzyň çäginde döwrebap obalaryň we şäherçeleriň birnäçesi gurlup, bagtyýar raýatlaryň ygtyýaryna berildi. Häzirki wagtda welaýatymyzyň Gökdepe, Ak bugdaý, Kaka etraplarynda döwrebap obalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Bu giň göwrümli gurluşyklaryň üstüni welaýat merkeziniň edara ediş merkeziniň — nusgalyk şäheriň ýetirjekdigi ulus-ilimiziň ajaýyp döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen guruljak döwrebap şäherde welaýatymyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň toplumynyň binasynyň göz öňünde tutulmagy kalbymyzy joşa getirýär. Şeýle bolansoň, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri täze, döwrebap şäheriň düýbüniň tutulyş dabarasyna ykjam taýýarlyk görýärler. Deňi- taýy bolmadyk nurana şäheri gurdurmak ugrunda edýän tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyz tükeniksizdir.

 

“Ahal durmuşy” gazeti




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.