Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SÜRÜM, TEKIZLEME, ÇIL ÇEKMEK IŞLERI BÖKDENÇSIZ ÝERINE ÝETIRILDI

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň bereketli pagta hasylynyň düýbüni tutmaga S.A.Nyýazow adyndaky etrabymyzyň «Bossan» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary hem agzybirlik bilen girişip, häzirki günlerde möhüm bolan agrotehniki çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar öz garamagynda bolan kärende meýdançalarynda sürüm, tekizleme, çil çekmek ýaly işleriň talabalaýyk amala aşyrylmagyny gazanyp, ýaz ekişine oňat taýýarlyk görýärler. Daýhan birleşigimiz boýunça bar bolan 550 gektar pagta meýdanynyň 131 gektarynda sürüm, 80 gektarynda tekizleme, 70 gektarynda çil çekmek işlerini geçirip, daýhanlarymyz 2019­njy ýylda 900 tonna pagta hasylyny ýetişdirmek ugrunda göreldeli zähmet çekýärler. Bu agrotehniki çäreleri geçirmekde daýhan birleşiginiň 2­nji, 3­nji, 5­nji kärendeçi toparlarynyň pagtaçy kärendeçileri özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Sürüm geçirmekde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary Sardar Azizow, Egambergen Reýimbergenow dagy ýokary görkezijileri gazanýarlar.

 

Feruza MATKURBANOWA,

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň «Bossan» daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.