Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝYLYŇ ÖKDE TÜRGENLERI YGLAN EDILDI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen bedenterbiýe we sport ulgamy giňden rowaçlanýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda  hakydalarda hemişelik galjak şanly wakalar bolýar. Ata Watanymyzda adam saglygyna iň gymmatly hazyna hökmünde garalmagy, “Amyl – Hazar 2018” atly halkara awtoralli, “Beýik Ýüpek ýoly” ugry boýunça geçirilen ýaryşlar, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi hem aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde bu babatda öň görlüp-eşidilmedik belentliklere ýetilýär.

Häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin milli Maksatnamasy”, bedenterbiýäni ösdürmek boýunça kabul edilen kararlar ilatyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek, türkmen sportuny dünýäde öňdäki orunlara çykarmak boýunça beýik işleri amala aşyrmaga giň ýol açdy. Şu mümkinçiliklerden peýdalanýan Lebaply türgenler  geçen ýyl döwlet, halkara, Aziýa çempionatlarynda ýokary netijeleri görkezdiler. Has takygy, jiu-jitsu, kuraş, söweş sambosy, adaty karate, boks, agyr atletika, grek-rim göreşi boýunça ýeňiş gazanyp, 17 altyn, 14 kümüş, 22 bürünç medallaryň eýeleri boldular we ýurdumyzyň sport abraýynyň galmagyna saldamly goşant goşdular.

Bu ýeňişlerde welaýat merkeziniň türgenleri bilen bir hatarda etraplaryň türgenleriniň hem paýy bar. Bu barada welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginde geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan dabarada hem anyk gürrüň edildi. Onda döwlet we halkara derejesinde geçirilen ýaryşlarda iň ýokary netije görkezen diýlip Dänew etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi, “Ýylyň ýokary netije gazanan sport mekdebi” diýlip Türkmenabat şäheriniň 4-nji sport mekdebi, “Ýylyň tälimçisi” diýlip şol mekdebiň dzýu-do boýunça tälimçisi Baýram Halilliýew, şäheriň 12-nji sport mekdebiniň basketbol boýunça tälimçisi Zarina Sultanowa we Dänew etrabynyň ýeňil atletika boýunça tälimçisi Atajan Durdyýew dagy yglan edildi. Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempiony Ali Babamuradow bolsa “Ýylyň ökde türgeni” diýlip yglan edildi.

Hormatly atlara mynasyp bolan türgenler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

      

Gözel GYLYJOWA,

“Türkmen gündogary” gazeti

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.