2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI

Elwan güllere beslenip gelýän baharda toýlanylýan Halkara zenanlar baýramyna bagyşlanyp geçirilýän aýdym-sazly dabaralar dünýäniň durky, zeminiň görki zenanlarymyza şatlyk eçilýär. Şeýle çäreleriň biri welaýat merkezindäki «Bagt köşgi» dabaralar merkezinde hem uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Bereketli toý desterhanynyň başyndaky dabarany TKA-nyň welaýat, Şatlyk şäher birleşmeleri welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guradylar. «Arkadagly rowaç alýan Watanda bagtlydyr zenanlar» ady bilen geçirilen dabara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri, pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň we kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarydyr işjeňleri, welaýatymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işeňňir gatnaşýan hem-de önümçilikde ýokary netijeler gazanýan öňdebaryjy işgär zenanlar, ýaşuly enelerdir döwlet sylagyna eýe bolan zenanlar gatnaşdylar.

Bu dabarada türkmen zenanlarynyň Watan ösüşlerine goşýan zähmet goşandy, döwlet tarapyndan goragly hem goldawlydygy hakynda buýsançly gürrüňler edildi. Ýakymly gutlaglar, durmuşyň bezegi bolan zenanlara sarpaly Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy.

Zenanlar baýramy mynasybetli welaýat medeniýet müdirliginiň taýýarlan baýramçylyk konserti dabara gatnaşan zenanlara özboluşly sowgat boldy. Watan, Arkadag, ene, zenan gözelligi hakyndaky aýdymlar çäräni dabaralandyrdy.

Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň zenanlaryna baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

 

A. MUHAMMEDOWA,

 “Maru-şahu jahan” gazetiniň habarçysy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.