Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAÝRAGYŇYZ, BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN MÄHRIBAN ZENANLAR

II içinde «Zenan begense, Zemin begenýär» diýen jümle bar, Bahar paslynda ilkinji toýlanýan baýram — 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatryna ýygnanan gyz-gelinleriň, mährem eneleriň, talyp ýaşlaryň ýüzünde-ýüreginde älem şatlygy — Zemin nury şugla saçdy. Her ýyl bu şatlykly baýramyň öňüsyrasynda mähriban Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletli maşgalanyň eýeleri, sekiz we ondan-da köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar. Bu ýagşy edähet üstümizdäki ýylda hem dowam etdirilip, şeýle hormatly ada biziň welaýatymyzdan hem ýüzi nurana eneleriň 33-si eýe boldy. Bu hoş habaryň üstüne ýene bir şatlykly wakany goşasymyz gelýär. Ol hem «Ene mähri» adyna eýe bolan zenanlarymyzyň 2-sine, ýagny, Oguzhan etrabyndan Äşe Mämmedowa, Mary şäherinden Hatyja Orazgeldiýewa Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaşaýyş jaýynyň açarynyň gowşurylmagydyr. Şa serpaýyna — hormatly ada eýe bolan eneleri, welaýatyň ähli zenanlaryny baýramçylyklary bilen gutlap TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Gurbanow, Mary şäherinden ýaşuly ene Gurbanbibi Hanowa çykyş etdiler. «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi, Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň ýaşaýjysy Bibinabat Geldimyradowa şeýle hormatly ada eýe bolan ähli zenanlaryň adyndan Gahryman Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdy.

Teatryň sahnasynda welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýeleri bolan enelere Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gymmat bahaly sowgatlaryny dabara bilen gowşurdylar. Talyp ýigitler mähriban enelere bahar bägüllerini paýladylar.

Dabaranyň soňy baýramçylyk konsertine utgaşdy. Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi Çaryýewiň, aýdymçy Nurana Babaýewiň Mary şäheriniň «Margiana» tans topary bilen bilelikde ýerine ýetiren baýramçylyk aýdymy, welaýat medeniýet köşgüniň «Altyn asyr» tans toparynyň milli tansy çärä gatnaşanlaryň göwnüni ganatlandyrdy. Konsert aýdymçylar toparynyň «Arkadag» diýen aýdymy joşgunly ýerine ýetirmeginde, dabara gatnaşanlaryň ör turup el çarpyşmaklarynda jemlendi.

 

Aýjan ABDYÝEWA,

“Maru-şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.