2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

TOÝLAR TOÝA ULAŞÝAR

Hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, sport mekdeplerinde, edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda Halkara zenanlar baýramyna bagyşlanan sport ýaryşlarydyr köpçülikleýin medeni-sport çärelerine giň orun berildi. Şeýle köpçülikleýin sport çäreleriniň biri-de Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynda geçirildi. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarydyr talyp ýaşlary sportuň 10 görnüşi boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Sport görnüşleri boýunça gazanylan utuklar hasaba alnyp, ýeňiji topar kesgitlenildi. Netijede, ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň gyzlary öz baýramçylyklaryny sport üstünligi bilen garşyladylar. Jemagat hojalygy fakultetiniň talyplary jemleýji futbol oýnunda mehanika-tehnologiki fakultetiniň toparyndan üstün çykyp, 1-nji orna mynasyp boldy. Umumy gazanylan utuklar netijesinde inžener ulgamlary we desgalary fakultetiniň talyplary öňdäki üçlügi jemlemegi başardylar. Tapawutlanan toparlara we talyplara institutyň ilkinji Kärdeşler Arkalaşygy hem-de Ýaşlar guramasy tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

 

Rejepmyrat HALLYÝEW,

Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.