2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ÝARYŞLAR TAMAMLANDY

Watanymyzda giňden bellenilýän baýramçylyklaryň biri 8-nji mart - Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Aşgabat şäher demokratik partiýasynyň ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň zenan mugallymlarynyň arasynda geçiren sport baýramçylygy uly üstünliklere, şatlyk-şowhuna beslendi.

Geçirilen ýaryşlara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň mugallymlarydyr talyplaryndan düzülen ýygyndylar gatnaşdy.

Çekeleşikli geçen bäsleşikde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymlar we talyplar ýygyndysy sportuň ähli gornuşleri boýunça (düzzüm, 3x3 basketbol, tanap çekmek, stol tennisi, woleýbol, gandbol, estafeta (4x100), badminton) ýeňiş gazanmagy başardy.

Geçirilen ýaryşlaryň ýapylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda ýörite baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda bilim ojagymyzyň, Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren mähriban Arkadagymyzy, türkmen sportyny, mähriban zenanlarymyzy, türgenlerimizi wasp edýän ajaýyp aýdymlary oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

 

Bibi GAÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň uly mugallymy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.