2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

«ÝYLYŇ MUGALLYMY — 2019» BÄSLEŞIGINIŇ ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallasy bilen, ýurdumyzda bilim ulgamyny özgertmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim we döwrebap terbiýe almagynda halypalyk-şägirtlik ýolunyň mynasyp orny eýeleýändigini göz öňünde tutup, bilim işgärleriniň arasynda guralýan dürli bäsleşikler uly ähmiýete eýe bolýar.

Ýakynda Murgap etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasy esasynda «Ýylyň mugallymy — 2019» bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige deslapky tapgyrda ýeňiji bolan tejribeli mugallymlaryň sekizisi gatnaşdy. Bäsleşigiň şertine görä, etrap bilim bölüminiň hünärmenlerinden we halypa bilim işgärlerinden ybarat eminler topary bäsleşige gatnaşýan mugallymlaryň taýýarlan görkezme esbaplaryna, guran sapaklaryna, usuly taýýarlyklaryna adalatly baha berdiler.

Bäsleşikde etrabyň 6-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Aýna Nurmämmedowa, 9­njy orta mekdebiň başlangyç mugallymy Hurma Togsaýewa, 18-nji orta mekdebiň başlangyç mugallymy Orazgözel Nepesowa, 29­njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Bilbil Durdyýewa, 31-nji orta mekdebiň matematika mugallymy Hatyja Berdiýewa, 33-nji orta mekdebiň surat-çyzuw mugallymy Gülnäzik Mommadowa, 37-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Sülgün Gurbanowa öz ugurlary boýunça görelde sapagyny guradylar. Tejribeli mugallymlaryň sapaklaryna etrabyň orta mekdepleriniň müdirleriniň okuw işleri baradaky orunbasarlary, şu okuw ýylynda işe başlan ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Bäsleşigiň jemi jemlenende 37-nji orta mekdebiň mugallymy Sülgün Gurbanowa Baş baýraga mynasyp bolup, şu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 6-njy orta mekdebiň mugallymy Aýna Nurmämmedowa 1-nji, 36-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Bahargül Amanowa 2-nji, 18-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Orazgözel Nepesowa we 33-nji orta mekdebiň surat mugallymy Gülnäzik Mommadowa 3-nji orunlary eýelediler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine etrap bilim bölüminiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

 

Eziz BAZAROW,

Murgap etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.